HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

Oktýabr 14, 2026 | 19:20 |1287
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ykjam aragatnaşyk ulgamy işe girizildi. GDA maslahatynyň öňüsyrasynda ornaşdyrylan ýokary tizlikli internet indi şypahana gelýän dynç alýanlara hyzmat etmegini dowam etdirer«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ykjam aragatnaşyk ulgamy işe girizildi. GDA maslahatynyň öňüsyrasynda ornaşdyrylan ýokary tizlikli internet indi şypahana gelýän dynç alýanlara hyzmat etmegini dowam etdirer
Çeşme: orient.tm

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk ulgamy — 5G işe girizildi. Täze tehnologiýa halkara çäreleriniň geçirilýän döwründe ýokary tizlikli internet elýeterliligini üpjün etdi. Indi bolsa ol şypahana zolagyna gelýän myhmanlaryň we dynç alýanlaryň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hyzmat eder.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap telekommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegi Türkmenistanda sanly hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegine öwrüldi. 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy dürli ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemlän halkara duşuşyklarynyň geçirilýän günlerinde durnukly internet birikmesini, maglumatlary geçirmegi we döwrebap onlaýn hyzmatlardan peýdalanmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretdi.

Telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek we aragatnaşygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýar. Ministrlik sanly aragatnaşyk mümkinçiliklerini yzygiderli giňeldýär, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar hem-de ýurdumyzyň dürli sebitlerinde döwrebap tehnologiýalardan has giňden peýdalanmak üçin şertleri döredýär.

Halkara çäreler tamamlanandan soň hem 5G ulgamy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda işlemegini dowam etdirýär we dynç alýanlary ýokary tizlikli ykjam internet bilen üpjün eder. Bu bolsa dynç alyşy guramakda, aragatnaşyk saklamakda, sanly hyzmatlardan peýdalanmakda we syýahatdan alan täsirlerini paýlaşmakda döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň möhüm orun eýeleýän syýahatçylyk zolagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Bäşinji nesil aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň sanly infrastrukturasyny ösdürmekde ýene bir möhüm ädim boldy. Bu başlangyç onuň diňe bir halkara çärelerini geçirmek üçin meýdança hökmünde däl, eýsem döwrebap syýahatçylyk zolagy hökmünde hem mümkinçiliklerini pugtalandyrýar.

Bu işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyñ baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026