Merkezi Aziýanyň mümkinçiliklerini giňeltmek: MA-5-den MA-6-a çenli


Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formaty deňeşdirilende gysga wagtyň içinde seresaply dialogdan ynama, pragmatizme we özygtyýarlylyga hormat goýmaga esaslanýan durnukly sebit platformasyna öwrüldi.
Bu format çeýeligini we özara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine açyklygyny saklamagy başardy. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň konsultatiw platforma goşulmagy baradaky çözgüt wagtlaýyn ýagdaý bilen baglanyşykly ädim däl-de, eýsem formatyň ösüşiniň logiki dowamydyr.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň «bäşlikden» «altylyga» tarap ýoly
Bakunyň Merkezi Aziýanyň däp bolan «bäşligine» goşulmagy tötänleýin bolmady. Bu diplomatiýanyň öňünden oýlanyşykly we çuňňur hasaplanyp alnyp barylmagynyň nusgawy mysalydyr. Bu ýerde hyzmatdaş umumy giňişlige tapgyrlaýyn goşuldy: ilki hormatly myhman hökmünde, soňra bolsa MA-6 makrosebitiniň özeniniň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde.
Ilkibaşda konsultatiw duşuşyklar diňe bäş ýurduň içerki meselelerini çözmek üçin döredilipdi. Olaryň hataryna serhetleri delimitasiýa etmek, gümrük päsgelçiliklerini aradan aýyrmak we suw serişdelerini paýlamak ýaly meseleler girýärdi. Emma soňky ýyllarda bolup geçen düýpli geosyýasy özgerişler sebiti däp bolan ugurlardan aýlanyp geçmek arkaly dünýä bazarlaryna ygtybarly çykalgalary gözlemäge mejbur etdi.
Munuň üçin berk binýat ikitaraplaýyn derejede goýuldy. Diňe soňky üç ýylyň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Merkezi Aziýa döwletlerine takmynan on bäş gezek saparyny amala aşyrdy, onuň merkezi aziýaly kärdeşleri bolsa Bakuda munuň bilen deňeşdirilende bir ýarym esse köp saparda boldular.
Ilham Aliýewiň sammitlere ilki hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Bakuda sebitiň içerki aýratynlyklaryny jikme-jik öwrenmäge, syýasy agalyk etmäge ymtylyşyň ýokdugyny görkezmäge we umumy düzgünler boýunça hereket etmäge taýýardygyny subut etmäge mümkinçilik berdi.
Bu diplomatik taryhda kesgitleýji pursat Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşyk boldy. Şonda döwletleriň liderleri Azerbaýjany bu formata doly hukukly agza hökmünde resmi taýdan kabul etmek barada taryhy çözgüdi kabul etdiler.
Ilkibaşda başga bir geografik sebitden bolan döwletiň bu formata goşulmagy adaty bolmadyk ýagdaý ýaly bolup görünse-de, Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri şol wagt Hazar deňziniň indi olary biri-birinden aýyrmaýandygyny, gaýtam, bitewi geoykdysady makrosebite birleşdirýändigini açyk beýan etdiler.
Soňra Yssyk-Kölüň kenarynda geçirilen resmi däl sammit Ilham Aliýewiň deňhukukly hyzmatdaş hökmünde gepleşiklere gatnaşan ilkinji iş meýdançasyna öwrüldi. Çolpon-Ata Jarnamasynyň gol çekilmegi bolsa Azerbaýjanyň bu gurluşyň halkara hukuk giňişligindäki ornuny gutarnykly berkidip goýdy.
«Bäşlik» Bakuny içerki garşylyksyz kabul etdi. Munuň özara bähbitlere esaslanýan düşnükli sebäpleri bardy. Olaryň iň esasy şerti Azerbaýjansyz Orta geçelgäniň doly derejede ösdürilmeginiň mümkin däldigidir.
Hazaryň günbatar kenarynda ýerleşýän Baku halkara ulag infrastrukturasynyň möhüm böleklerine, şol sanda Alýat halkara deňiz portuna we Baku – Tbilisi – Kars demir ýoluna eýedir. Bu infrastruktura Merkezi Aziýa üçin Türkiýä we Ýewropa çykmagyň iň gysga ýoluny açýar.
Mundan başga-da, Azerbaýjan bu formata uly möçberli maýa goýum mümkinçilikleri bilen goşuldy. Ol Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen bilelikdäki maýa goýum gaznalaryny döredýär, şeýle hem sebitde senagat kärhanalarynyň we logistika merkezleriniň gurluşygyny gönüden-göni maliýeleşdirýär.
Netijede, ýurtlar satuw bazarlary ugrunda bäsleşmegiň ýerine hyzmatdaşlygy saýlap aldylar. Şeýlelikde, uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça ara alnyp maslahatlaşylýan taslamalar we Hazar deňziniň düýbünden energiýa kabelini geçirmek başlangyjy «altylygy» Ýewraziýa giňişliginde kuwwatly hem-de özbaşdak energiýa oýunçysyna öwürýär.
Formatyň syýasy-institusional logikasy
Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde Merkezi Aziýanyň diňe geografik manyda giňeldilmegi ýa-da serhetleriň täzeden gözden geçirilmegi we sebitleýin özboluşlylygyň gowşadylmagy barada gürrüňiň gitmeýändigini ýörite nygtamak möhümdir. MA-6 formaty Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkaz sebitleriniň arasyndaky özara baglanyşygyň obýektiw taýdan artandygyny görkezýän hyzmatdaşlyk çäginiň funksional giňeldilmegidir.
Liderleriň duşuşyklarynyň konsultatiw häsiýeti ilkibaşdan olaryň esasy artykmaçlygyna öwrüldi. Ol ylalaşyk esasynda çözgüt kabul etmäge gönükdirilmegi we gatnaşygyň çeýeligi çylşyrymly býurokratik birleşikleriň nusgasy boýunça institusional taýdan aşa ýüklenmezden durnukly dialogy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Azerbaýjanyň doly hukukly gatnaşmaga goşulmagy bu logikany üýtgetmeýär, gaýtam, onuň ýaşaýşa ukyplydygyny tassyklaýar.
Bu arhitekturanyň kemala gelmeginde Türkmenistan aýratyn orun eýeledi. Türkmenistan meýletinlige, deňhukuklylyga we özygtyýarly bähbitlere özara hormat goýmaga esaslanýan döwletara dialog modelini yzygiderli goldap geldi. Hut şu çemeleşme formatyň giňeldilmegini arkaýyn we konstruktiw ýagdaýda kabul etmäge mümkinçilik berdi.
Geografik taýdan Merkezi Aziýanyň bir bölegi bolmadyk Baku, sebitiň mümkinçiliklerini bilelikdäki taslamalaryň çäginde doly açmak üçin gatnaşmagy zerur bolan ugurlarda ony funksional taýdan üsti ýetirýän «daşarky, ýöne keseki däl» hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär.
Merkezi Aziýa döwletleriniň bu giňelmä konstruktiw jogap bermegi täze formatyň içerki güýçler deňagramlylygyna howp salmaýandygyna, tersine, sebitiň halkara giňişligindäki özbaşdak subýekt hökmünde çykyş etmek mümkinçiligini has-da güýçlendirýändigine durnukly düşünilýändigini görkezýär.
Özara baglanyşygyň ykdysadyýeti we ulag geçelgeleriniň logikasy
MA-6 formatynyň amaly taýdan iň aýdyň ýüze çykýan ugurlarynyň biri ulag-logistika gün tertibiniň düýpli özgermegidir. Täze şertlerde Orta geçelge aýry-aýry milli bölekleriň toplumyndan bitewi geoykdysady giňişligiň düzüm bölegine öwrülip başlaýar.
Azerbaýjan bu zynjyryň günbatar bölegini emele getirýän esasy halka hökmünde çykyş edip, ulag ugurlarynyň Türkiýä we Ýewropa tarapdaky ugurlar bilen birleşmegini üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýanyň gündogar bölegi bilen Günorta Kawkaz giňişliginiň arasynda Hazar köprüsi bolup çykyş edýän Türkmenistanyň strategik ähmiýeti has-da artýar.
Hazaryň kenaryndaky port infrastrukturasynyň ösdürilmegi we durnukly üstaşyr ulag ugurlarynyň kemala getirilmegine gatnaşylmagy Türkmenistanyň MA-6-nyň täze logistika arhitekturasyndaky esasy elementleriň biri hökmünde ornuny güýçlendirýär.
«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi bu logika goşmaça giňişlik berýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň çäklerinden geçýän bu ugruň gündogar we günbatar şahalary ýakyn utgaşykly hereket edilen ýagdaýynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Pars aýlagyna, ondan aňryk bolsa köp kynçylyklary başdan geçiren Ormuz bogazynyň üsti bilen Hindi ummanynyň suw giňişligine çykmagyň uzak möhletleýin mümkinçiliklerini açýar.
Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletlerden ybarat bu makrosebit üçin şeýle mümkinçilikler geoykdysady durnuklylygyň derejesini ep-esli ýokarlandyrýar we daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga şert döredýär. Ormuz bogazynyň iru-giç ýokary töwekgelçilikli zolak bolmagyny bes etjekdigine umyt etmek galýar.
Üstaşyr geçişden goşulan gymmata we energiýa ulgamynda özara üstüni ýetirmäge tarap
MA-6 formatynyň ähmiýeti diňe ýük daşamalaryň möçberiniň artmagy bilen çäklenmeýär. Bu ýerde esasy mesele ykdysady özara baglanyşygyň hilidir. Ýük akymlarynyň işjeňleşmegi senagat zolaklaryny döretmek we bilelikdäki önümçilikleri ýola goýmak üçin şertleri döredýär. Bu bolsa ýurtlara diňe üstaşyr ulag geçýän çäkler bolmakdan ýokary goşulan bahany döredýän önümçilik zynjyrlarynyň doly hukukly gatnaşyjylaryna öwrülmäge mümkinçilik berýär.
Integrasiýanyň energetika jähtine aýratyn üns bermek gerek. Sebit ýurtlarynyň ykdysady ýöriteleşmesi biri-birinden tapawutlanýar. Mysal üçin, käbir döwletler nebit we gaz gorlaryna baý, beýlekiler gidroenergetikanyň uly mümkinçiliklerine eýe, ýene bir topary bolsa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ösdürýär. Giňeldilen formatda bu tapawutlar özara üstüni ýetirmegiň we utgaşykly hereket etmegiň binýadyna öwrülýär.
Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerini yzygiderli öňe sürýän Türkmenistan şeýle utgaşykly hereket mehanizmlerine obýektiw taýdan gyzyklanma bildirýär. Muny iri energetika taslamalaryny halkara bazarlaryna birleşdirmekde uly tejribesi bolan Azerbaýjanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak, geljegi uly «ýaşyl» ugurlary hem öz içine almak bilen, energiýa ulgamyndaky özara baglanyşygyň täze modellerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Daşary ýurt maýadarlary üçin MA-6 formaty syýasy ylalaşyklylygyň möhüm alamatydyr. Ol makrosebitiň uzak möhletleýin meýilnamalaşdyrmaga ukyplydygyny görkezýär. Şunda ulag infrastrukturasyna, energetika we üstaşyr ulag amallaryny sanlylaşdyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirilmegine garaşylýar.
Täze format kadalaşdyryjy töwekgelçilikleri öz-özünden aradan aýyrmasa-da, olary köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmak we azaltmak üçin netijeli mehanizmi döredýär. Bu mehanizm geosyýasat, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we suw diplomatiýasy ýaly duýgur ugurlary hem öz içine alýar.
MA-6 formatynyň üçünji ýurtlara garşy gönükdirilmändigini we Ýewraziýada täze bölünişik çyzyklaryny döretmeýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Munuň tersine, ol köpugurly hyzmatdaşlygy güýçlendirýär, özara kabul ederlikli çözgütleriň gözlenmegini höweslendirýär we durnukly ösüşi amaly zerurlyga öwürýär.
MA-6 formaty Merkezi Aziýanyň sebitleýin pikirlenmegiň has kämil modeline geçýändigini görkezýär. Bu modelde resmi gurluşlardan has köp özara baglanyşyga, pragmatizme we ynama ähmiýet berilýär. Bu sebitleýin özboluşlylykdan ýüz öwürmek däl-de, eýsem mümkinçilikleri giňeltmek arkaly ony berkitmekdir.
Jemleme
Dünýäde ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde strategik saklanmagy işjeň diplomatiýa bilen utgaşdyrmak ukyby Merkezi Aziýanyň esasy serişdeleriniň birine öwrülýär. Bu bolsa sebitiň özara baglanyşyga we pragmatizme ileri tutulýan has kämil pikirleniş modeline geçýändigini görkezýär.
Şeýle şertlerde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tejribesi we alyp barýan syýasaty bilermenler jemgyýetiniň aýratyn ünsüne mynasypdyr. Amaly hyzmatdaşlyk mehanizmlerine daýanýan oňyn bitaraplyk syýasaty Aşgabada ygtybarly we öňünden çaklap bolýan hyzmatdaş hökmünde öz ornuny yzygiderli berkitmäge mümkinçilik berýär.
Ykdysady özara baglanyşyga, energetika howpsuzlygyna we ulag geçelgelerine aýdyň ähmiýet berilmegi Türkmenistanyň töwereginde ynam we uzak möhletleýin bähbitler giňişligini kemala getirýär. Bu ugurlaryň biri-birinden üzňe däldigi, eýsem milli ileri tutulýan ugurlaryň sebitleýin we ählumumy wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýan bitewi strategik arhitektura birleşýändigi möhümdir.
Türkmenistan diňe bir täze ykdysady hakykatlara uýgunlaşmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň kemala gelmegine işjeň gatnaşýar. Ol Ýewraziýa giňişligine oýlanyşykly, pragmatik we geljege gönükdirilen, gapma-garşylyksyz hyzmatdaşlyk modelini hödürleýär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni







