HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Oktýabr 13, 2026 | 19:00 |2438
Çeşme: orient.tm

Iri nebit tankerleriniň — VLCC görnüşli gämileriň gatnaw bahasy soňky takmynan 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Bloomberg-iň maglumatyna görä, munuň esasy sebäpleri Eýranyň töweregindäki harby dartgynlylyk we elýeterli tankerleriň ýetmezçiligi boldy.

Britaniýanyň Simpson Spence Young gämiçylyk dellalçylyk kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, neşir inflýasiýa hasaba alnanda hem häzirki nyrhlaryň ilkinji supertankerleriň ulanylyp başlan 1960-njy ýyllaryndan bäri iň ýokary derejä ýetendigini habar berdi.

Bahalaryň ýokarlanmagynyň esasy sebäpleriniň biri daşama mümkinçilikleriniň azalmagydyr. Ormuz bogazyndaky töwekgelçilikler sebäpli köp gämi eýeleri has uzak alternatiw ugurlary saýlaýarlar. Bu bolsa gatnawlaryň dowamlylygyny ep-esli uzaldýar.

Ýakyn Gündogardan nebit eksporty kem-kemden dikeldilýän hem bolsa, daşama ulgamy öňküsinden has çylşyrymly boldy. Öndürijiler nebiti deňizde bir gämiden başga bir gämä geçirmek usulyny has köp ulanýarlar. Bu her sapara takmynan bir hepde goşup, tankerleriň dolanyşygyny haýalladýar.

Ýokary daşama çykdajylary nebit gaýtadan işleýän kärhanalara hem täsir edip başlady. Ispaniýanyň Repsol kompaniýasy üçünji çärýekde bir barrel üçin 36 dollar girdeji maržasyny habar beren bolsa, analitikler oktýabr aýynda onuň takmynan 15 dollara çenli peselendigini belleýärler. Munuň sebäpleriniň biri tanker daşamalarynyň gymmatlamagydyr.

ING bankynyň maglumatyna görä, Saud Arabystanyndan Niderlandlara bir barrel nebiti daşamagyň bahasy 2025-nji ýyldaky takmynan 2 dollardan 35 dollardan hem ýokary derejä ýetdi.

CCTV+ habar bermegine görä, tanker daşamalarynyň bahasy mundan beýläk hem ýokarlansa, logistika çykdajylarynyň artmagy nebit gaýtadan işleýän kärhanalary önümçiligi azaltmaga mejbur edip biler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026