HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Oktýabr 12, 2026 | 22:55 |7475
Şol gün Şanlyurfa şäheri edil bir günüň dowamynda bize birnäçe eýýamy görkezmegi ýüregine düwen ýalydyŞol gün Şanlyurfa şäheri edil bir günüň dowamynda bize birnäçe eýýamy görkezmegi ýüregine düwen ýalydy
Çeşme: orient.tm

Şol gün Şanlyurfa şäheri edil bir günüň dowamynda bize birnäçe eýýamy görkezmegi ýüregine düwen ýalydy. Ilki bilen TEKNOFEST boldy — uçarmansyz uçuş enjamlary, emeli aň, awiasiýa, robotlar we geljegiň tehnologiýalary. Soňra bolsa Göbeklidepe — ýaşy on iki müňe golaýlaýan daşdan gurlan desgalar we adamzadyň henizem jogap gözleýän geçmiş baradaky sowallary.

Bir günüň dowamynda alnan täsirler üçin bularyň özi hem ýeterlik ýaly görünýärdi. Emma agşam Ramazan bizi ýene bir ýere alyp gitdi. Men bu saparyň şol bölegini aýratyn makala üçin bilkastlaýyn galdyrdym, sebäbi öňki materialda birnäçe abzas bilen ony beýan etmek mümkin däldi.

Biz Şanlyurfanyň iň meşhur ýerleriniň biri bolan, ýerli däp-dessurlarda Ybraýym pygamber (aleýhissalam) bilen aýrylmaz baglanyşykly Balykgöle ugradyk. Göbeklidepede uzak geçmiş hakynda sowallar ýüze çykyp, dürli çaklamalary öňe sürmäge mejbur bolan bolsak, bu ýerde düýbünden başga bir duýgy döredi. Garaňky asman, gadymy daşlaryň üstüne düşýän ýyly yşyk, suwda şöhlelenýän öwüşginler, howlukman gezelenç edýän maşgalalar we suwuň ýüzünde wagtal-wagtal peýda bolýan ençeme balyk.

Emma suwuň kenaryna çykmazymyzdan ozal bize bu ýeriň taryhyny gürrüň berdiler.

Ybraýym pygamber bilen baglanyşdyrylýan şäher

Bize Şanlyurfanyň taryhy barada gysgaça film görkezildi. Uly ekranda şäher, gala, metjitler, köller we gadymy wakalaryň dikeldilen görnüşleri peýda bolýar, gürrüň bolsa gaýta-gaýta bir şahsyýete — Ybraýym pygambere (aleýhissalam) dolanyp gelýärdi.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Filmde Ybraýymyň keşbiniň Urfa bilen näderejede berk baglanyşyklydygy aýratyn nygtalýardy. Ýerli däbe görä, onuň doglan gowagy hut şu ýerde ýerleşýär. Şeýle hem şäher onuň patyşa Nemrut bilen garşydaşlygy, butparazlyga garşy göreşi we otdan gudrat bilen halas bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Şeýle-de bolsa, bu ýerde keramatly Gurhanda gönüden-göni aýdylýan zatlary asyrlaryň dowamynda ýerli rowaýatlarda saklanyp galan maglumatlardan tapawutlandyrmak möhümdir. «Enbiýa» — «Pygamberler» süresinde Ybraýymyň butparazlyga garşy durşy barada gürrüň berilýär. Garşydaşlary ony oda ýakmak kararyna gelýärler, emma şondan soň Beýik Biribardan şeýle buýruk gelýär:

«Eý, ot! Ybraýym üçin salkynlyk we amanlyk bol!» Gurhan, «Enbiýa» süresi, 21:69.

Şanlyurfada dowam etdirilýän ýerli rowaýat hut şu keramatly Gurhan wakasyndan gözbaş alýar.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Ot suwa öwrülende

Rowaýata görä, Ybraýym pygamberi (aleýhissalam) häzirki Şanlyurfa galasynyň ýerleşýän belentliginden ägirt uly oda taşlamakçy bolupdyrlar. Emma ot oňa zyýan ýetirmändir. Ýerli däp-dessurlarda gudratyň dowamy şeýle beýan edilýär: alaw suwa, ýanyp duran odunlar bolsa balyklara öwrülýär.

Şeýlelikde, häzirki wagtda giňden Balykgöl diýlip tanalýan Halil-ür-Rahman kölüniň döreýşi Ybraýym pygamber baradaky hekaýa bilen baglanyşdyrylýar. Bu ýerdäki maglumat ýazylan ýazgylaryň birinde hem şol rowaýat degişli keramatly Gurhan aýaty bilen bilelikde beýan edilýär.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Bu gürrüňden soň suwdaky balyklara başgaça seredip başlaýarsyň. Bu ýerde hakykatdan-da balyk örän köp: olar kenaryň ýanyna üýşýärler, garaňky suwuň içinde dürli tarapa ýaýraýarlar we ýene-de suwuň ýüzüne çykýarlar. Ýerli däbe görä, balyklar şol ýanyp duran odunlar bilen baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem bu ýerde olara aýratyn hormat goýulýar.

Şol bir wagtyň özünde, oduň suwa, odunlaryň bolsa balyklara öwrülmegi keramatly Gurhan tekstiniň bir bölegi däldir. Bu hut ýerli rowaýatdyr. Meniň üçin bu tapawut aýratyn gyzykly boldy. Bir tarapda Ybraýym pygamber we ot baradaky keramatly Gurhan kyssasy bar, beýleki tarapda bolsa şäheriň hakydasy bar. Şäheriň ýaşaýjylary köp nesilleriň dowamynda bu kyssany özleriniň ýaşaýan giňişligi bilen baglanyşdyryp gelipdirler: ine, belentlik, ine, suw, ine, pygamberiň ýere gaçmagy bilen baglanyşdyrylýan ýer, ine-de, balyklar.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Şeýlelikde, taryh diňe sözlerde ýaşamagyny bes edip, öz geografiki keşbine eýe bolupdyr.

Zelihanyň we ikinji kölüň taryhy

Bize görkezilen filmde gürrüň munuň bilen tamamlanmaýardy. Filmde patyşa Nemrudyň gyzy Zelihanyň keşbi peýda boldy. Ýerli rowaýatlarda Şanlyurfanyň ýene bir suw howdany hut onuň ady bilen baglanyşdyrylýar.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Bu rowaýatyň birnäçe görnüşi bar. Käbir gürrüňlerde Zelihanyň Ybraýym pygambere ynanandygy we munuň üçin Nemrut tarapyndan jezalandyrlandygy aýdylýar. Beýleki görnüşlerde bolsa onuň Ybraýymyň yzyndan özüni aşak goýberendigi gürrüň berilýär. Rowaýata görä, onuň ýere düşen ýerinde çeşme peýda bolup, oňa Aýn-Zeliha ady dakylypdyr. Filmde hem şu baglanyşyk görkezildi: Zelihanyň çeşmesi onuň ýere galtaşan ýerinde döräpdir.

Bu hekaýanyň dürli görnüşleriniň häzire çenli ýanaşyk ýaşap gelmegi meni gyzyklandyrdy. Biz wakalaryň ýeke-täk we gutarnykly yzygiderliligini kesgitlemeli bolan taryhy arhiwde däldik. Biz nesilden-nesle geçip, wagtyň geçmegi bilen özüne mahsus şekilleri we aýratynlyklary edinip gelen janly halk hakydasynyň içinde bolduk.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Ilki bilen bularyň hemmesi diňe ekranda bardy: gala, Nemrut, Ybraýym, Zeliha, suw. Soňra film tamamlandy, biz daşary çykdyk we ýaňy gürrüňi edilen ýerler gözümiziň öňünde hakyky görnüşde peýda boldy: gadymy daşlar, metjitler, agşamky yşyklar, suw we sansyz balyklar.

Özümi diňe synçy hökmünde duýmagymy bes eden ýerim

Suwuň golaýyndaky kiçijik mukaddes otag aýratyn ýadymda galdy. Erkekler we aýallar üçin aýratyn girelgeler göz öňünde tutulypdyr. Içeri girmezden öň aýakgaby çykarmalydy. Aýakgabymy daşarda goýup, erkekler üçin niýetlenen girelgä tarap bardym we sag aýagym bilen içeri girdim.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Içeri giren badyma gözüm biygtyýar aşak düşdi: pol aýnadan eken. Aýdyň aýna panelleriň aşagynda yşyklandyrylan suw bardy, onuň içinde bolsa edil aýagyň aşagynda balyklar ýüzýärdi. Daşardaky şowhunly agşamky gezelençden soň içerdäki duýgy düýbünden başgaçady. Kiçijik otagda ümsümlik höküm sürýärdi, aýnanyň aşagynda bolsa suw ýuwaşlyk bilen hereket edýärdi, balyklar ýüzüp geçýärdi.

Şol ýerde doga etdim. Näme dileg edendigim bolsa, goý, meniň bilen Beýik Biribaryň aramyzda galsyn. Şol pursatda öň eşiden ähli gürrüňlerim meniň üçin diňe bir ýolbelediň gürrüňi ýa-da filmden alnan sahnalar bolmagyny bes etdi. Men indi şol giňişligiň içinde özüm durdum we ony diňe syýahatçy ýa-da žurnalist hökmünde kabul etmeýärdim.

Çykmagyň wagty gelende, biz türkmenleriň hormatlanýan we mukaddes ýerlere baranymyzda berjaý edýän däbimize laýyk hereket etdim: mukaddes ýere arka öwrüp gitmedim. Biraz egilip, ýüzümi otaga tarap tutup, çykalga tarap ýuwaşlyk bilen yza süýşüp başladym.

Bu ýönekeý hereket garaşylmadyk ýagdaýda Şanlyurfany meniň üçin Watanym bilen baglanyşdyrdy. Türkmenistandan müňlerçe kilometr uzaklykda, başga bir ýurtda, Ybraýym pygamber baradaky rowaýat bilen baglanyşykly ýerde men mukaddes mekana hormat bildirmegiň özüm üçin tanyş bolan däbini tebigy ýagdaýda gaýtaladym. Şol pursatda özümi başga biriniň däbini daşyndan synlaýan adam hökmünde duýmadym. Bu ýerde bir zat maňa örän ýakyn we terjimesiz hem düşnüklidi.

Millionlarça adamyň dogasynda ýaňlanýan at

Musulmanlar üçin Ybraýym pygamber (aleýhissalam) diňe bir uzak geçmişde ýaşan adam däl, has dogrusy, ol diňe ýerli rowaýatyň gahrymany hem däldir. Onuň ady yslam däbinde yzygiderli ýatlanýar.

Musulmanlar gündelik namazlarynda salawaty Ybrahimiýäni okaýarlar: «Eý, Allam! Muhammede we Muhammediň maşgalasyna, Ybraýyma we Ybraýymyň maşgalasyna bereket bereniň ýaly, Muhammede we onuň maşgalasyna hem bereket ber…»

Adam Şanlyurfadan müňlerçe kilometr uzaklykda bolup biler, Balykgöli hiç haçan görmedik ýa-da bu ýeriň nähili görünýändigini bilmeýän hem bolup biler. Emma Ybraýymyň ady onuň dogasynda şonda-da ýaňlanýar. Ine, sen hem onuň ýadynyň diňe namazda aýdylýan sözlerde däl, eýsem töweregiňi gurşap alýan ýaly duýulýan şäherde peýda bolýarsyň: ýer-ýurt atlarynda, suwda, metjitlerde, rowaýatlarda we adamlaryň balyklara bolan garaýşynda.

Şonuň üçin Balykgöli diňe bir owadan taryhy ýadygärlik hökmünde kabul etmek kyn. Bu ýere gelýän köp adam üçin ol ruhy ähmiýete eýe bolan ýerdir.

Suwuň boýundaky arzuw

Mukaddes otagdan çykyp, ýene aýakgabymy geýenimden soň, meni ýerli däpleriň ýene biri garşy aldy. Maňa balyklar üçin iýmit berdiler — kiçijik ýaşyl şarjagazlar. Şeýle hem bir gizlin arzuw tutmalydygymy, ýöne onuň bir şertiň bardygyny aýtdylar: arzuwymy hiç kime aýtmaly däldim.

Suwuň kenaryna bardym we iýmiti bir goşawuçdan soň beýleki goşawuç bilen suwa zyňyp başladym. Balyklar ownuk şarjagazlaryň düşen ýerine dessine üýşýärdiler: suwuň asuda ýüzi tolkun atyp, gaýnap duran ýaly bolýardy, birnäçe sekuntdan soň bolsa ýene köşeşýärdi. Her gezek bir goşawuç iýmit zyňanymda, içimden şol bir arzuwy gaýtalaýardym.

Onuň nämedigini, elbetde, aýtjak däl. Sebäbi maňa ony gizlin saklamalydygymy aýtdylar. Soňra bolsa içimde adaty bilesigelijilik ýene oýandy. Aýamda galan kiçijik ýaşyl şarjagazlara seredip, olaryň nämeden ýasalýandygyny soradym. Maňa olaryň hyýardan, undan we zeýtun ýagyndan taýýarlanýandygyny düşündirdiler.

Ybraýym pygamber baradaky gürrüňden, keramatly Gurhan aýatyndan, Nemrut we Zeliha hakyndaky rowaýatlardan, dogadan we gizlin arzuwdan soň bu jikme-jiklik örän gündelik zat ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma syýahatlar ýatda köplenç hut şeýle galýar: diňe beýik hekaýalar we meşhur ýadygärlikler däl, eýsem ownuk jikme-jiklikler hem ýatda galýar — gadymy daşlaryň üstündäki yşyk, aýna poluň aşagynda ýüzýän balyklar, mukaddes ýerden çykanyňda yza tarap äden birnäçe ädimiň we aýaňdaky kiçijik ýaşyl balyk iýmitleri.

Bir günüň dowamynda üç dünýä

Soňra, agşamky Balykgöle seredip durkam, bu günüň nähili täsin geçendigini pikir etdim. Irden biz geljegiň tehnologiýalary — emeli aň, uçarmansyz uçuş enjamlary, awiasiýa we täze işläp taýýarlamalar görkezilen TEKNOFEST-de bolduk. Birnäçe sagatdan soň bolsa Göbeklidepede, takmynan on iki müň ýyl mundan ozal ýaşan adamlaryň arasynda durup, olaryň dünýägaraýşyna düşünmäge synanyşdyk. Agşam bolsa düýbünden başgaça ýaşaýan bir taryhyň içine düşdük. Bu taryh diňe arheologiýada ýa-da ýazuw çeşmelerinde däl, eýsem janly dini we halk däplerinde ýaşaýardy.

Göbeklidepede biz daşlara seredip, ýazmaça düşündirişleri bize gelip ýetmedik adamlaryň ýitip giden dünýägaraýşyny dikeltmäge synanyşdyk. Balykgölde bolsa beýle zat etmegiň zerurlygy ýokdy. Rowaýat daş-töweregimizde ýaşamagyny dowam etdirýärdi: adamlar çagalary bilen gelýärdiler, doga edýärdiler, balyklary iýmitlendirýärdiler, Ybraýym pygamber baradaky hekaýany gürrüň berýärdiler, soňra bolsa indiki gelýänlere ýer berýärdiler.

Netijede, täsin bir utgaşyklyk emele gelýärdi: irden geljegiň tehnologiýalaryny gördük, gündiz adamzadyň çuňňur geçmişine aralaşdyk, agşam bolsa janly imanyň we rowaýatlaryň giňişliginde bolduk. Şanlyurfa bularyň hemmesini bize bir günüň dowamynda görkezdi.

balyklygyol-tam-gde-predanie-ob-ibrahime-zhivyot-u-vody

Belki-de, hut şonuň üçin Balykgöl baradaky hekaýany öňki makalanyň soňunda birnäçe abzas bilen çäklendirmek islemedim. Bu ýer aýratyn gürrüňe mynasypdy. Sebäbi şol agşam biz diňe bir owadan köli we gadymy binagärligi görmedik. Biz rowaýatyň şäheriň bir bölegine öwrülşini, taryhyň öz geografiki keşbine eýe bolşuny we asyrlar geçse-de, adamlaryň henizem şol suwuň boýuna gelip, doga edişini hem-de balyklara iýmit berişini gördük.

Biz gidip barýarkak, Balykgölüň garaňky suwunda çyralaryň şöhleleri henizem lowurdap durdy. Şol balyklaryň arasynda bolsa meniň arzuwym hem galan bolmaly.

Ol hasyl bolarmy ýa-da bolmazmy — häzir bilemok. Ýöne onuň nähili arzuw bolandygyny gürrüň bermäge maňa şonda-da rugsat berilmedi.

Nurmyrat Ýylkybaýew

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026