HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Jibutiniň kenarynda gämi heläkçiliginde azyndan 139 migrant aradan çykdy

Oktýabr 12, 2026 | 15:00 |80
Çeşme: orient.tm

Jibutiniň kenarynda gäminiň agdarylmagy netijesinde azyndan 139 migrant aradan çykdy, ýene 84 adam bolsa dereksiz ýitdi. Bu barada ýekşenbe güni Halkara Migrasiýa Guramasy habar berdi.

Gämide jemi 305 adam bolup, ol Jibutiden Ýemene tarap barýarka penşenbeden anna geçilen gije Obok sebitiniň, Gehere we Godoriýanyň golaýynda agdaryldy.

Halkara Migrasiýa Guramasynyň maglumatyna görä, gämide erkekler, aýallar we çagalar bolupdyr. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär, şonuň üçin heläk bolanlaryň sanynyň artmagy mümkin.

Jibutiniň degişli gulluklary dereksiz ýiten adamlary gözlemegi we aradan çykanlaryň jesetlerini tapmagy dowam etdirýärler. BMG-niň migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, takmynan 82 adam halas boldy.

Jibutiniň Gyzyl deňiz kenarynda şeýle pajygaly hadysalar ozal hem birnäçe gezek bolupdy. Gündogar Afrikadan bolan köp migrant Ýemeniň üsti bilen sebitiň beýleki ýurtlaryna ýetmek üçin bu howply deňiz ýolundan geçmäge synanyşýar.

Olaryň köpüsi üçin esasy maksat Ýemeniň demirgazygynda ýerleşýän Saud Arabystanyna ýetmekdir.

CCTV+ habar bermegine görä, Jibutiniň kenarynda gözleg işleri dowam edýär, gämide bolan onlarça adamyň ykbaly bolsa häzirlikçe nämälimligine galýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026
TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

17:41 Oktýabr 12, 2026