HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary awtorlyk hukugy boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Oktýabr 10, 2026 | 13:50 |2039
22-nji oktýabrda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda (TDYweDI) ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda awtorlyk hukugy boýunça bäsleşik geçiriler22-nji oktýabrda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda (TDYweDI) ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda awtorlyk hukugy boýunça bäsleşik geçiriler
Çeşme: education.gov.tm

22-nji oktýabrda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda (TDYweDI) ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda awtorlyk hukugy boýunça bäsleşik geçiriler.

Intellektual bäsleşik TDYweDI-niň Ykdysadyýet we hukuk kafedrasy hem-de Tehnologiýalary we innowasiýalary goldamak boýunça Merkezi tarapyndan guralýar. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny çuňlaşdyrmakdan, olaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan hem-de intellektual eýeçilik ulgamynda talyplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Bäsleşik türkmen dilinde, kompýuter arkaly test görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylar awtorlyk we gatyşyk hukuklar babatdaky kanunçylyga degişli 100 sowala 100 minudyň dowamynda jogap bermeli bolarlar. Iň ýokary netije 100 utuga deňdir. Şahsy bäsleşikde ýeňiji bolanlar we baýrakly orunlary eýelänler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Türkmenistanyň her bir ýokary okuw mekdebi okuw ýylyna we hünärine garamazdan, bäsleşige gatnaşmak üçin 4 adama çenli talypdan ybarat topary hödürläp biler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 15-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Talyplaryň we jogapkär mugallymlaryň sanawy görkezilen elektron görnüşindäki arzany parahatdurdyev43@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli.

Bäsleşige gatnaşmagyň jikme-jik düzgünleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi internet sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026