Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric reýtinginde öz ornuny gowulandyrdy


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ekologik durnuklylyk boýunça halkara UI GreenMetric World University Rankings reýtinginde 7 875 bal toplap, 273-nji orna çykdy. Bu netije ýokary okuw mekdebine sanawda görkezilen türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Abraýly halkara UI GreenMetric reýtingi dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga goşýan goşandyna baha berýär. Şu ýyl geçirilen barlaga dürli ýurtlardan 2 016 uniwersitet gatnaşdy.
Gatnaşyjylaryň işine ýedi esasy ugur boýunça baha berildi: daşky gurşaw we infrastruktura (Setting and Infrastructure), energiýa we howanyň üýtgemegi (Energy and Climate Change), galyndylary dolandyrmak (Waste Management), suw serişdelerini dolandyrmak (Water Management), ulag ulgamy (Transportation), bilim we ylmy barlaglar (Education and Research), şeýle hem dolandyryş we sanlylaşdyrma (Governance and Digitalization).
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti öz görkezijisini 200 bal ýokarlandyrdy. Reýtingde ýokary ornuň eýelenmegi durnukly ösüşiň halkara derejesinde ykrar edilen standartlarynyň uniwersitetiň bilim maksatnamalaryna we ylmy-barlag işlerine üstünlikli ornaşdyrylýandygyny tassyklaýar.
ORIENT







