HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric reýtinginde öz ornuny gowulandyrdy

Oktýabr 10, 2026 | 13:38 |1950
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ekologik durnuklylyk boýunça halkara UI GreenMetric World University Rankings reýtinginde 7 875 bal toplap, 273-nji orna çykdyTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ekologik durnuklylyk boýunça halkara UI GreenMetric World University Rankings reýtinginde 7 875 bal toplap, 273-nji orna çykdy
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ekologik durnuklylyk boýunça halkara UI GreenMetric World University Rankings reýtinginde 7 875 bal toplap, 273-nji orna çykdy. Bu netije ýokary okuw mekdebine sanawda görkezilen türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.

Abraýly halkara UI GreenMetric reýtingi dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga goşýan goşandyna baha berýär. Şu ýyl geçirilen barlaga dürli ýurtlardan 2 016 uniwersitet gatnaşdy.

Gatnaşyjylaryň işine ýedi esasy ugur boýunça baha berildi: daşky gurşaw we infrastruktura (Setting and Infrastructure), energiýa we howanyň üýtgemegi (Energy and Climate Change), galyndylary dolandyrmak (Waste Management), suw serişdelerini dolandyrmak (Water Management), ulag ulgamy (Transportation), bilim we ylmy barlaglar (Education and Research), şeýle hem dolandyryş we sanlylaşdyrma (Governance and Digitalization).

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti öz görkezijisini 200 bal ýokarlandyrdy. Reýtingde ýokary ornuň eýelenmegi durnukly ösüşiň halkara derejesinde ykrar edilen standartlarynyň uniwersitetiň bilim maksatnamalaryna we ylmy-barlag işlerine üstünlikli ornaşdyrylýandygyny tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026