HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝTÖB we Export Hyzmat Aşgabatda eksport boýunça geňeşçileri taýýarlamak maksatnamasyny geçirer

Oktýabr 08, 2026 | 13:06 |623
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Export Hyzmat bilen bilelikde Aşgabatda eksporty ilerletmek boýunça geňeşçileri taýýarlamak üçin okuw maksatnamasyny guraýarÝewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Export Hyzmat bilen bilelikde Aşgabatda eksporty ilerletmek boýunça geňeşçileri taýýarlamak üçin okuw maksatnamasyny guraýar
Çeşme: pointonpartners.com.au

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Export Hyzmat bilen bilelikde Aşgabatda eksporty ilerletmek boýunça geňeşçileri taýýarlamak üçin okuw maksatnamasyny guraýar. Bu başlangyç ýurduň içinde professional maslahat beriş tejribesini ösdürmäge, ýagny türkmen önümçilik kärhanalaryna daşary ýurt bazarlaryna çykmak ýolunda goldaw berip biljek geňeşçileri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Maksatnama hakyky eksport meseleleriniň üstünde amaly iş alyp barmaga niýetlenen iki okuw modulyndan ybarat.

1-nji modul: Eksport marketingi we distribýutorlar bilen iş

Birinji modul — «Eksport marketingi, önümleri ilerletmek we distribýutorlar bilen iş» — 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda geçiriler. Okuwy Fransiýadan gelen tälimçi Muhamed Ýes Fih geçirer. Ol halkara marketingi, elektron söwda we eksportyň sanlylaşdyrylmagy boýunça 20 ýyldan gowrak iş tejribesine eýedir.

Modulyň dowamynda gatnaşyjylar eksport marketingini döretmegiň we distribýutorlar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň amaly taraplaryny öwrenerler. Bu ugurlar türkmen önümlerini täze bazarlara çykarmak wezipesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

2-nji modul: Elektron söwda

Ikinji modul — «Elektron söwda» — 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriler.

Bu modul halkara B2B elektron söwda platformalary bilen amaly işleşmäge bagyşlanar. Şeýle platformalar sebitdäki öndürijileriň daşary ýurtly alyjylara çykmagy üçin barha möhüm ýola öwrülýär.

Kimler gatnaşyp biler

Eksporty ilerletmek boýunça häzirki wagtda iş alyp barýan geňeşçiler, şeýle hem eksport strategiýasy, marketing, satuw we elektron söwda ugurlarynda işleýän hem-de türkmen kärhanalaryna maslahat bermäge gyzyklanma bildirýän hünärmenler gatnaşmaga çagyrylýar.

Maksatnamanyň aýratyn şerti

Maksatnamanyň tapawutly aýratynlygy onuň diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, amaly ugra gönükdirilmegidir. Her bir geňeşçiniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde onuň bilen hyzmatdaşlyk etmäge, eksport işini ösdürmäge we halkara B2B platformasy bolan Alibaba-da tölegli hasap açmaga taýýar türkmen önümçilik kärhanasyny hödürlemegine garaşylýar. Şeýlelikde, geňeşçileri taýýarlamak hakyky kärhana bilen işleşmek ýaly anyk amaly netijä gönükdirilýär, diňe nazary taýýarlyk bilen çäklenmeýär.

Gatnaşyjylary saýlamakda eksport işini ösdürmäge we halkara B2B platformalaryna çykmaga taýýardygyny görkezýän kärhanalary hödürleýän geňeşçilere ileri tutulýan ähmiýet berler.

Nädip ýüz tutmaly

Maksatnamadaky ýerleriň sany çäklidir. Arzalar 13-nji oktýabra çenli aşakdaky bellige alyş formasy arkaly kabul edilýär: https://forms.gle/pA2QjmEwEQ1mbjHn7

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026