HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleri ulanmaga berildi

Oktýabr 11, 2026 | 16:52 |3355
10-njy oktýabrda paýtagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy10-njy oktýabrda paýtagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy
Çeşme: tdh.gov.tm

10-njy oktýabrda paýtagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynyň giň gerimde ulanylmaga berilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp toý sowgady boldy.

Döwlet Baştutany dabarada çykyş edip, adamyň saglygy barada alada etmegiň we sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugurlary bolup galýandygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwrüň içinde ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion ösüş derejesine ýetendigi, keselleriň öňüni almagyň we lukmançylyk kömeginiň ýokary standartlaryny üpjün etmegiň milli ösüş nusgasynyň esasyna öwrülendigi bellenildi.

10102026-ashgabat-new-medical-centers-opened (2).jpg

Täze lukmançylyk binalary dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap, ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilendir we olaryň sebitde deňi-taýy ýokdur.

500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 20-den gowrak ýöriteleşdirilen bölümi özünde jemleýän köpugurly toplum bolup durýar. Bu ýerde ýurtda ilkinji gezek süňk ýiligini transplantasiýa etmek, pallatiw kömek bermek, şeýle hem radiofarmasewtiki we himioterapewtiki serişdeleri öndürmek boýunça bölümler döredildi. Merkez şöhle arkaly bejerişiň iň täze robotlaşdyrylan ulgamlary, emeli aň elementleri bilen enjamlaşdyrylan SPECT/CT we PET/CT gibrid tomograflary bilen üpjün edildi.

80 orunlyk Stomatologiýa merkezi «akylly» tehnologiýalary, robotlaşdyrylan kompýuter tomografiýasyny we CAD/CAM sanly diş tehniki barlaghanalary ulanmak arkaly ýöriteleşdirilen äň-ýüz we hirurgiýa kömegini berýär.

160 orunlyk Halkara Pediatriýa merkezi çagalaryň keselleriniň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen anyklamaga we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanyp bejermäge gönükdirilendir. Merkeziň düzümine ýöriteleşdirilen hirurgiýa, kardiorrewmatologiýa, newrologiýa we reanimasiýa bölümleri girýär.

10102026-ashgabat-new-medical-centers-opened (3).jpg

Täze merkezler bilen tanyşlygyň dowamynda abraýly daşary ýurt guramalary we Germaniýanyň lukmançylyk klinikalary tarapyndan berlen halkara şahadatnamalary hem-de sylaglary gowşuryldy. Bu sylaglar täze desgalaryň ýokary hilini, innowasion enjamlaşdyrylyşyny we binagärlik taýdan kämilligini tassyklaýar. Olaryň hatarynda “German Design Award 2026” sylagy hem bar.

Dabaralaryň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk merkezlerine sowgat hökmünde täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026