HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

Oktýabr 10, 2026 | 18:30 |1736
Çeşme: orient.tm

Hytaý kompaniýalary Amsterdamda geçirilen World AI Summit sammitinde emeli aň we robototehnika ulgamyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrdylar. Esasy sergi eksponatlarynyň hatarynda Unitree Robotics kompaniýasynyň adam şekilli we dört aýakly robotlary bolup, olar öz mümkinçiliklerini myhmanlara görkezdiler.

Çarşenbe we penşenbe günleri geçirilen sammit emeli aňyň howpsuzlygy, täze algoritmler, emeli aň agentleri hem-de tehnologiýalaryň işewürlikde amaly taýdan ornaşdyrylmagy meselelerine bagyşlandy.

Bu pudagyň wekilleri emeli aňyň ösdürilmeginde Hytaýyň barha artýan ornuny bellediler. Nvidia kompaniýasynyň wekili Saýmon Si DeepSeek, Moonshot we Alibaba ýaly hytaýly işläp düzüjileriň gazananlaryny aýratyn nygtap, olaryň täze algoritmleriň ösdürilmegine ýetirýän täsirine ünsi çekdi.

Hytaýyň emeli aň pudagynyň giňelmeginiň çäginde World AI Summit sammitiniň guramaçylary indiki ýyl Hytaýda bu çäräniň aýratyn görnüşini geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Shanghai International Exhibition Group guramasynyň wekillerini çagyrdylar.

Shanghai International Exhibition Group guramasynyň prezidenti Sýuý Szýa taraplaryň halkara sammitine gatnaşmak üçin has köp hytaý kompaniýalaryny we wekiliýetlerini çekmegi hem meýilleşdirýändiklerini habar berdi.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, Hytaý robotlarynyň, algoritmleriniň we emeli aň ulgamlarynyň ösdürilmegi ýurduň kompaniýalarynyň halkara tehnologiýa meýdançalaryndaky gatnaşygyny güýçlendirýär hem-de emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeldýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026