HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň işini bes edýändigini yglan etdi

Oktýabr 10, 2026 | 17:30 |287
Çeşme: orient.tm

Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň Baş konsullygynyň işiniň bes edilýändigini yglan etdi. Muňa garamazdan, London Ysraýyl tarapynyň diplomatik wekilhanany ýapmaga kanuny hukugyny ykrar etmeýändigini mälim etdi. Binada UK Mission, Jerusalem ady bilen iş dowam etdiriler.

Ysraýylyň daşary işler ministri Gideon Saar bu kararyň penşenbe güni güýje girendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, baş konsul we Britaniýanyň 20-ä golaý diplomaty ýurdy terk etmeli, ýedi işgär bolsa çäklendirilen ygtyýarlyklaryň çäginde binada işini dowam etdirip biler.

Ysraýyl tarapy bu ädimi Beýik Britaniýanyň hereketlerine, şol sanda Günbatar kenardaky ysraýyl ilatly nokatlary bilen bagly girizilen sanksiýalara we goranyş önümleriniň eksporty babatdaky çäklendirmelere jogap hökmünde häsiýetlendirdi.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Ed Miliband Londonyň Ysraýylyň konsullygy ýapmaga kanuny hukugyny ykrar etmeýändigini aýtdy. Munuň sebäbi Beýik Britaniýanyň Gündogar Iýerusalimi basylyp alnan çäk hökmünde kabul etmegidir. Onuň sözlerine görä, bina açyklygyna galar we wekilhana palestinalylar bilen işleşmegini dowam etdirer.

Britan tarapy howpsuzlyk sebäpli işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň bir bölegini wagtlaýyn yzyna çagyrdy. Emma ýakyn aýlarda diplomatik wekilçiligini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, taraplar diplomatik wekilhananyň hukuk derejesine dürli garaýyş bildirýärler. Muňa garamazdan, geçirilen gepleşiklerden soň britan diplomatlarynyň bir böleginiň Iýerusalimde işini dowam etdirmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

18:30 Oktýabr 10, 2026
Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň işini bes edýändigini yglan etdi

Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň işini bes edýändigini yglan etdi

17:30 Oktýabr 10, 2026
Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

13:30 Oktýabr 10, 2026