Aşgabatda Gazagystanyň diplomatik wekilhanasyna degişli awtoulaglaryň satuwy boýunça söwdalaşyklaryň senesi üýtgedildi


Gazagystan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyna öň degişli bolan awtoulaglary satmak boýunça söwdalaşyklaryň geçiriljek senesi 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabryna geçirildi. Bu barada söwdalaşyklaryň guramaçysy habar berdi.
Öň habar berlişi ýaly, söwdalaşyklara iki sany awtoulag çykaryldy: 2012-nji ýylda öndürilen Mercedes-Benz S350 we 2014-nji ýylda öndürilen Mitsubishi Pajero.
Mercedes-Benz S350 awtoulagynyň başlangyç bahasy 15 müň ABŞ dollaryna, Mitsubishi Pajero awtoulagynyňky bolsa 10 müň ABŞ dollaryna deňdir.

Söwdalaşyklara gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda kabul edilýär. Kepillik gatanjynyň möçberi Mercedes-Benz S350 üçin 2 250 ABŞ dollaryna, Mitsubishi Pajero üçin bolsa 1 500 ABŞ dollaryna deňdir.
Söwdalaşyklar 20-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar we Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Garaşsyzlyk köçesiniň 11-nji jaýy salgysy boýunça geçiriler.
Guramaçynyň maglumatyna görä, awtoulaglar diplomatik hasapdan aýyrmak düzgünlerinden geçirildi. Şeýle hem türkmenistanly alyjylara eksport resminamalaryny taýýarlamakda ýardam berler.
Goşmaça maglumat almak we arzalary tabşyrmak üçin +993 71 886108 belgisi boýunça, şol sanda IMO arkaly habarlaşyp bilersiňiz.









