HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilermenler Merkezi Aziýanyň durmuş durnuklylygyny suw we ekologik meseleleriň çözülmegi bilen baglanyşdyrdylar

Oktýabr 09, 2026 | 18:00 |3079
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi
Çeşme: tdh.gov.tm

Awaza, 7-nji oktýabr | ORIENT. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Giň gerimli forumyň esasy maksady döwlet dolandyryşynyň uzak möhletleýin strategiýalarynda demografik meýilleri nazara almak boýunça toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakdan ybarat boldy. Ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşyjylar ählumumy demografik çökgünligiň şertlerinde Merkezi Aziýanyň Ýewraziýanyň ilaty iň çalt ösýän makrosebitleriniň biridigini bellediler.

Bilermenleriň we BMG-niň Ilat gaznasynyň hünärmenleriniň giňişleýin seljermesiniň esasy meselesi demografik prosesleri dolandyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmakdan, ilkinji maglumatlary ýygnamakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, şeýle hem durmuş, inženerçilik we ulag infrastrukturasyny takyk meýilleşdirmek üçin ilat ýazuwynyň netijeli peýdalanylmagyndan ybarat boldy.

Ilat sanynyň artmagy bilen zähmet bazarynyň ösüşiniň arasynda deňagramlylygy üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýetiň şertlerinde ýokary tehnologiýaly iş orunlaryny döretmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Sebit tejribesiniň çäklerinde Türkmenistan öz durmuş standartlaryny, şol sanda «Ene mähri» innowasion lukmançylyk merkezleriniň ulgamyny ösdürmek, şeýle hem ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen Arkadag şäheri ýaly «akylly» we «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri tanyşdyrdy.

Hünärmenler oba ýerlerini ösdürmegiň strategiýalaryna, ýaş nesliň biliminiň hilini ýokarlandyrmaga we milli kanunçylygy BMG-niň konwensiýalaryna laýyk getirmäge hem aýratyn üns berdiler. Forumyň gatnaşyjylary tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibiniň çäklerinde adam maýasyny ulgamlaýyn dolandyrmaga gönükdirilen Jemleýji resminama kabul edildi.

...Halkara maslahatyň netijelerine baha berip, çykyşlarda ulanylan «ýaş we depginli ösýän sebit» baradaky ylmy hasabatlaryň aňyrsynda XXI asyr Ýewraziýa geosyýasatynyň iň esasy çagyryşlaryň biriniň gizlenýändigini bellemek gerek.

Emma Aşgabadyň bu meseleleriň Merkezi Aziýa we GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitleriniň öňüsyrasynda Hazar deňziniň kenaryndaky meýdançada ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi pragmatik çemeleşmesini görkezýär. Munuň düýp manysy sebitimiziň, aýratyn-da oba ýerleriniň ilatynyň çalt artmagynyň suwarymly ekerançylygy we oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, şeýle hem azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly möçberde we durnukly suw serişdelerini talap edýändigine düşünmekden ybaratdyr.

Şol bir wagtyň özünde, derýalaryň aşaky akymlarynda ilatyň köpelmegi we goňşy Owganystanyň suw strategiýasy suw serişdeleriniň çäklendirmeleriniň artmagyna täsir edýär. Bu forumy «Awazada» guramak bilen, Aşgabat sebit üçin bitewi ylmy-tehnologik we hukuk gorag ulgamyny döretmägi maksat edinýär.

Bu tagallalaryň manysy diňe bir adam maýasynyň tebigy ösüşini sanly ykdysadyýetiň we «ýaşyl» şäherleşmegiň ösüşi bilen deňagramlaşdyrmakdan ybarat bolman, eýsem suw serişdeleri bilen bagly meseleleriň has-da ýitileşmegi mümkin bolan şertlerinde GDA ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň bitewi garaýyşlaryny kemala getirmekden hem ybaratdyr.

Bekdurdy AMANSARYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026