HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“iKOMEK109” platformasy Astana şäheriniň ýaşaýjylaryna şäher meselelerini bitewi merkez arkaly çözmäge kömek edýär

Oktýabr 09, 2026 | 11:00 |556
Çeşme: orient.tm

“iKOMEK109” atly akylly jemagat hyzmatlar platformasy sekiz ýyldan bäri Astana şäherinde hereket edýär. Ol şäher gulluklaryny we jemagat hojalyk edaralaryny bitewi ulgama birleşdirip, ýaşaýjylaryň ýüz tutmalaryny dessin çözmäge ýardam berýär.

Ulgam dolandyryş edaralaryny, etrap häkimliklerini, dolandyryş kompaniýalaryny, polisiýany we gyssagly kömek gulluklaryny goşmak bilen, takmynan 100 guramany öz içine alýar. Ýaşaýjylara dürli edaralara aýratynlykda ýüz tutmak zerurlygy ýok. Olaryň arzalary bitewi merkez arkaly jogapkär gulluklara ugradylyp, çözülýär.

Operatorlar her ýyl 2,5 milliondan gowrak ýüz tutmany kabul edip, işleýärler. Günde ortaça 4 müňden 8 müňe çenli jaň gelýär. Ýüz tutmalaryň aglabasy jemagat hyzmatlary ulgamlardaky näsazlyklar, suw üpjünçiligi, ýyladyş, heläkçilikli ýagdaýlar we şäher infrastrukturasyna degişli beýleki meseleler bilen baglanyşyklydyr.

Gazagystanda 2026-njy ýylyň Sanlylaşdyrma we emeli aň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Astanada “iKOMEK 2.0” ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde şäher häkimiýeti wideogözegçilik we emeli aň ulgamynda Hytaýyň tejribesini öwrenýär hem-de käbir çözgütleri ýerli şertlere uýgunlaşdyrýar.

Platforma 23 müň sany wideokamera birikdirilendir. Olaryň 9 müňe golaýy jemgyýetçilik desgalarynda, şol sanda 100-den gowrak mekdepde oturdylandyr. Ulgam şäher infrastrukturasynyň ýagdaýyna hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmäge we howp döredip biljek ýagdaýlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Jemgyýetçilik howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berilýär. Ulgam arkaly ýüze çykarylan hadysalar we düzgün bozulmalar polisiýa ýa-da degişli gyssagly gulluklara geçirilýär.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Astana şäheriniň ýaşaýjylary “iKOMEK109” platformasynyň işine oňyn baha berýärler. Olar ulgamyň dessin işleýändigini we ýeke-täk hyzmat arkaly şäher durmuşyna degişli dürli meseleleri çözmäge mümkinçilik döredýändigini belleýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026