HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Oktýabr 09, 2026 | 18:40 |3373
8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: president.az

8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyna kanagatlanma bildirdiler. Geçen ýyldan bäri ýokary derejede bäş gezek saparyň amala aşyrylandygy bellenilip, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depgininiň aýdyň görkezijisidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana amala aşyran saparlary bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady, ulag, üstaşyr geçelgeler, logistika, medeniýet we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi esasy üns merkezinde boldy. Şeýle hem Hazar deňzi bilen bagly meseleler we halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

08102026-berdimuhamedov-aliyev-cooperation-priorities.jpg

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň gün tertibine aýratyn üns berildi. Prezident Ilham Aliýew çäräniň ýokary derejede guralandygyny belläp, onuň sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatyna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde goşuldy. Bu başlangyç Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi we sebit ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Prezident Ilham Aliýew bu çözgüt üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler barada pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026