Merkezi Aziýa ýurtlary Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy


Awaza, 7-nji oktýabr | ORIENT. Şu gün bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda sebitdäki iň iri serhetüsti suw ýollary bolan Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
Çärä goňşy döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary we suw hojalygy pudagynyň öňdebaryjy bilermenleri gatnaşdylar. Köp taraplaýyn dialogyň esasy maksady suw serişdelerinden aýawly peýdalanmak babatda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak we döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy. Häzirki wagtda bu ugur sebitde durnukly ösüşiň, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Ählumumy howanyň üýtgemegi, buzluklaryň eremegi we ilatyň yzygiderli artmagy şertlerinde mümkinçilikleri birleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar. Duşuşyga gatnaşyjylar oba hojalygyny durnukly suw bilen üpjün etmek üçin derýa basseýnleri boýunça döwletara ylalaşyklarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny, şol bir wagtyň özünde-de gowşak ekoulgamlara zyýan ýetirilmezliginiň möhümdigini nygtadylar.
Giňişleýin pikir alyşmalaryň esasy meseleleri suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, suw ýitgilerini azaltmak maksady bilen esasy kanallaryň hanalaryny betonlamak, derýalaryň akymyny hasaba almagyň sanly ulgamlaryny ornaşdyrmak hem-de innowasion ulgamlary — damjalaýyn suwaryşy, ýagyn görnüşinde suwaryşy we beýleki usullary giňden ornaşdyrmak bilen bagly boldy. Amyderýanyň we Syrderýanyň ýokary akymyndaky gidroenergetika pudagynyň hem-de aşaky akymyndaky suwarymly ekerançylygyň bähbitleriniň arasynda toplumlaýyn deňagramlylygy tapmaga aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, bilermenler Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdiler. Bu merkez howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak üçin bitewi ylmy-tehnologik binýady döretmäge mümkinçilik berer.
…Ministrler derejesindäki duşuşygyň netijelerine teswir berip, şuny bellemek gerek: suw hojalygynyň kadalaryna degişli berk formulalaryň aňyrsynda Ýewraziýa giňişliginiň iň çylşyrymly we duýgur geosyýasy meseleleriniň biri gizlenýär.
Awazada geçirilen forum Aşgabat tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän suw diplomatiýasynyň ekologik beýannamadan amaly zerurlyga öwrülendigini aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň pragmatik häsiýeti şundan ybarat: kepillendirilen suw howpsuzlygy bolmazdan, Orta geçelgäni goşmak bilen, hiç bir üstaşyr ulag geçelgesi makrosebit üçin uzak möhletleýin ykdysady özbaşdaklygy üpjün edip bilmez. Aşaky akymda ýerleşýän döwletler, ilkinji nobatda Türkmenistan we Özbegistan üçin Amyderýanyň suw akymynyň durnuklylygy oba hojalygy pudagy we jemgyýetçilik durnuklylygy üçin ýaşaýyş taýdan möhüm mesele bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, bilermenler jemgyýeti resmi habarlarda adatça agzalmaýan, emma Awazadaky gepleşiklerde göze görünmän bar bolan strategik töwekgelçiligiň esasy gizlin faktoryna — Owganystan ugruna ünsi çekýär.
Owganystanyň demirgazygynda Kabul tarapyndan ägirt uly Koştepa kanalynyň giň gerimli gurluşygynyň alnyp barylmagy Amyderýadan gözegçiliksiz we yzyna gaýtaryp bolmajak görnüşde örän köp mukdarda suwuň alynmagyna getirip biler. Bu bolsa derýanyň aşaky akymyndaky suw ýetmezçiligi meselesiniň has-da ýitileşmegine sebäp bolup biler.
Döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda ýokary derejeli duşuşygy geçirip, Aşgabat iş ýüzünde bitewi we jebis «Merkezi Aziýanyň bäşligi» diplomatik çemeleşmesiniň arhitektory hökmünde çykyş etdi. Bu strategiýanyň manysy aýdyňdyr — sebit ýurtlary çökgünligiň öňüni almak we geljekde umumy, ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de ykdysady taýdan oýlanyşykly garaýyşy işläp taýýarlamak isleýärler. Şeýlelikde, geljekde Kabuly halkara hukuk giňişligine pragmatik esasda çekmek we onuň suw hojalyk düzümlerini serhetüsti suw serişdelerinden peýdalanmagyň aýdyň hem-de umumy kabul edilen kadalary boýunça hereket etmäge höweslendirmek maksat edinilýär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi









