HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Oktýabr 09, 2026 | 18:41 |4010
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi
Çeşme: president.tj

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Täjigistanyň Lideri çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, özara bähbitleriň ähli ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösdürilýändigini belledi.

Iki döwletiň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Netijeli dialogyň dowamynda taraplar döwletara syýasy dialogy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag-logistika we üstaşyr geçelgeler ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan giň gerimli meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

08102026-berdimuhamedov-rahmon-strategic-partnership (2).jpg

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem iki ýurduň Prezidentleri sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026