Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Oktýabr 08, 2026 | 22:00 |2856
Çeşme: orient.tm

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlaryň taraplarynyň arasynda gepleşikleriň we hat alyşmalaryň Dohanyň hem-de onuň sebitdäki hyzmatdaşlarynyň araçylyk etmeginde dowam edýändigini habar berdi.

Kataryň Daşary işler ministrliginiň Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýalar departamentiniň direktory Ybraýym bin Soltan Al-Haşimi hepdelik brifingde diplomatik aragatnaşyklaryň jikme-jiklikleriniň häzirlikçe aýan edilmeýändigini, emma gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýyň gerimi we onuň sebit hem-de dünýä ykdysadyýeti üçin netijeleri gepleşikler stolynyň başynda çözgüt gazanmak üçin işjeň tagallalary talap edýär. Ol geňeşmeleriň dowamynda dürli taraplaryň garaýyşlarynyň we aladalarynyň göz öňünde tutulýandygyny hem belledi.

Şol gün Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Dohada Eýranyň içeri işler ministri Eskandar Momeni bilen duşuşdy. Taraplar sebitdäki soňky wakalary we dartgynlygy azaltmak boýunça tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar.

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky garşylyk eýýäm ýedi aýdan gowrak wagt bäri dowam edýär, emma çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça häzirlikçe düýpli öňegidişlik gazanylmady.

"CCTV+"-niň habar berşi ýaly, Katar çylşyrymly ýagdaýlara gatnaşyjylary we sebitdäki hyzmatdaşlary bilen diplomatik aragatnaşyklary dowam etdirip, dartgynlygy azaltmagyň we dialog arkaly çözgüt tapmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026