Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy
Sişenbe güni Fransiýanyň dürli ýerlerinde ýüzlerçe müň adam orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy. Okuwçylar sentýabryň ortalaryndan bäri bilim ulgamyna maliýeleşdirmegiň artdyrylmagyny talap edip, okuw mekdepleriniň işini bökdeýärler.
Fransiýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, bu çärä takmynan 256 müň adam gatnaşdy, şol sanda Parižde 56 müň adam boldy. Guramaçylar gatnaşyjylaryň umumy sanyny 450 müň diýip çaklaýarlar, olaryň takmynan 100 müňüsi paýtagtda boldy.
Çärä gatnaşyjylar mekdepleriň kanagatlanarsyz ýagdaýyna, synplaryň aşa köp adamly bolmagyna, mugallymlaryň ýetmezçiligine we okuw mekdepleriniň arasyndaky deňsizlige garşy çykyş edýärler. Parižde çäreler parahatçylykly başlandy, emma soňra polisiýa bilen çaknyşyklar boldy. Polisiýa göz ýaşardyjy gaz we suw pürküji ulaglary ulandy.
Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, bidüzgünçilikleriň dowamynda ýurduň dürli ýerlerinde takmynan 500 adam tussag edildi. Bu hereketleriň başlanaly bäri tussag edilenleriň umumy sany 6,5 müňden geçdi.
Milli bilim ministrligi ýurduň ähli orta hünär takmynan dörtden birine deň bolan 900-e golaý orta hürnär mekdebiň işiniň bozulandygyny habar berdi.
Premýer-ministr Sebastýen Lekorn okuwçylar bilen gepleşik geçirmek maksady bilen çarşenbe gününden anna gününe çenli okuw sapaklarynyň geçirilmegini wagtlaýyn togtatjakdygyny mälim etdi.
"CCTV+"-niň habar berşi ýaly, fransuz häkimiýetleri okuwçylaryň talaplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin guramaçylykly meýdança döretmegiň zerurdygyny aýdyp, şol bir wagtyň özünde bu ýaramaz ýagdaýlaryň mundan beýläk-de güýçlenmegine ýol bermezlige çagyrdylar.






