HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň kosmos kompaniýalary IAC-da halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Oktýabr 08, 2026 | 16:00 |1386
Çeşme: orient.tm

Ýüzlerçe täjirçilik kosmos kompaniýasy Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen 77-nji Halkara Astronawtika Kongresine ýygnandy. Kongresde hytaý kompaniýalary raketalary, hemralary, ýerüsti ulgamlary we sanly hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.

Bäş günlük kongres «Dünýä has köp kosmos gerek» diýen şygar astynda geçirilýär we pudagyň esasy ugurlaryny, şol sanda Aýy öwrenmegi, hemra ulgamlaryny, emeli aňy, kosmos howpsuzlygyny we halkara hyzmatdaşlygyny öz içine alýar.

Hytaý kompaniýalary daşary ýurt bazarlaryna barha işjeň çykyp, diňe enjamlary däl, eýsem ýerli hünärmenleri okatmak hyzmatlaryny hem hödürleýärler. Mysal üçin, "STAR.VISION" Omanyň hyzmatdaş kompaniýasy bilen 0,5 metr çözgütli iki sany täze emeli aň hemrasy boýunça ylalaşyk baglaşdy. Taraplar taslamanyň bilimleri paýlaşmagy we hünärmenleri taýýarlamagy hem göz öňünde tutýandygyny belleýärler.

Beýleki kompaniýalar halkara ýerüsti infrastrukturasyny ösdürýärler. "Emposat" eýýäm daşary ýurtlarda takmynan on sany ýerüsti stansiýany döretdi we bu ulgamy Hytaýyň kosmos pudagynyň çözgütlerini ilerletmek üçin peýdalanmagy meýilleşdirýär.

Öndürijiler hem hemra ulgamlarynyň bahasyny azaltmagyň we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýärler. "Final Frontier" kompaniýasy mikroshemalardan başlap hemralara çenli dürli derejelerde öz işläp taýýarlamalarynyň çykdajylary işjeňleşdiemäge we enjamlaryň tehniki häsiýetnamalaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigini mälim etdi.

Mundan başga-da, hytaý kompaniýalary mikroagyrlyk şertlerinde ylmy-barlag geçirmek üçin niýetlenen täjirçilik kosmos apparatlaryny ösdürýärler. "CAS Space" kompaniýasy geljek ýylyň başynda kosmos lukmançylygy babatdaky barlaglar üçin hem niýetlenen köp gezek ulanylýan "Lihong-2" suborbital enjamlarynyň ilkinji uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

"CCTV+"-niň habar berşi ýaly, Hytaýda 600-den gowrak täjirçilik kosmos kärhanasy hereket edýär we olaryň barha köpüsi bilelikdäki taslamalar, tehnologiýalaryň eksporty hem-de ýerli hünärmenleri taýýarlamak arkaly halkara bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026