Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy
Türkiýäniň Antalýa şäherinde 77-nji Halkara astronawtika kongresi öz işine başlady. Bu çäre ilkinji gezek Türkiýede geçirilýär. Kongresde Aýyň öwrenilmegi, hemra tehnologiýalary, emeli aň, kosmos howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygy esasy üns merkezinde durýar.
Bäş günlük çäre 100-den gowrak ýurtdan we sebitden 10 müňden gowrak gatnaşyjyny, şol sanda kosmos agentlikleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, inženerleri hem-de pudagyň wekillerini bir ýere jemlär.
Kongresiň mowzugy hökmünde «Dünýä has köp kosmosa mätäç» diýen şygar saýlanyldy. Bu şygar barha artýan geosyýasy dartgynlylygyň şertlerinde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny nygtaýar.
Sergi meýdançasynda ABŞ, Hytaý we Russiýa ýaly öňdebaryjy kosmos döwletleri bilen bir hatarda öz milli kosmos maksatnamalaryny işjeň ösdürýän ýurtlar, şol sanda Türkiýe hem öz gazananlaryny görkezýär. Häzirki wagtda dünýä kosmos ykdysadyýetiniň ýyllyk möçberi takmynan 600 milliard ABŞ dollaryna ýetýär we çaklamalara görä, 2035-nji ýyla çenli bu görkeziji 1,8 trillion dollara ýetip biler.
Ýaş alymlara hem aýratyn üns berilýär. Talyplar kosmos robototehnikasy, geljekki Mars missiýalary üçin tehnologiýalar, mikroagyrlyk şertlerindäki barlaglar we kosmosda önümçilik ýaly ugurlarda öz taslamalaryny hödürleýärler.
Halkara astronawtika kongresi 1950-nji ýyldan bäri geçirilýär we dünýäniň kosmos pudagynyň her ýyl geçirilýän iň iri çäreleriniň biri hasaplanýar. Kongresi Halkara astronawtika federasiýasy guraýar.
CCTV+-yň habar bermegine görä, kongres ylmy tejribe alyşmak, işewür gatnaşyklary ýola goýmak we dünýäniň kosmos pudagynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup hyzmat edýär.






