ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar


Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Türkmenistanyň Merkezi banky bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ýurtda ilkinji anyk maýa goýum taslamalarynyň peýda bolmagyna garaşýar. Bu barada ÝTÖB-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni “Trend” agentligine beren ýörite söhbetdeşliginde aýtdy.
Liwniniň sözlerine görä, Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasynda 2026-njy ýylyň iýulynda gol çekilen bäş ähtnamanyň arasynda hut Merkezi bank bilen baglaşylan ylalaşyk iň çalt amaly netijäni berip biler.
Ähtnama eksport ugurly we özleriniň walýuta girdejileri bolan hususy kompaniýalary ÝTÖB tarapyndan göni maliýeleşdirmegiň täzeden ýola goýulmagy üçin esas döredýär. Bankyň wekiliniň aýtmagyna görä, ilkinji anyk geleşiklere önümçilik, oba hojalygy bilen baglanyşykly işewürlik, logistika we eksport ugurly hyzmatlar ýaly pudaklarda garaşylýar.
Mümkin bolan taslamalary gözlemek we maýa goýum tekliplerini taýýarlamak maksady bilen, ÝTÖB-nyň bank toparlarynyň Türkmenistana birnäçe sapary meýilleşdirilýär. Bu tapgyrda bankyň hünärmenleri hususy işewürligiň wekilleri bilen maslahatlaşyp, geljekde maliýeleşdirmek üçin mümkinçilikleri öwrenerler.
ÝTÖB-nyň ýakyn wagtda ösdürmegi meýilleşdirýän ýene bir ugry ýerli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk bolar. Bank kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmagy giňeltmek maksady bilen käbir türkmen banklary bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligini öwrenýär. Şunda halkara bank tejribesiniň we söwda maliýeleşdiriş gurallarynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Iýul aýynda gol çekilen beýleki ähtnamalar hem mundan beýläk hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Emma Liwniniň aýtmagyna görä, olaryň anyk maýa goýum taslamalaryna geçirilmegi üçin has köp tehniki işleriň geçirilmegi zerur. Bu ugurlar ulag, durnukly ösüş we şäher ösüşi bilen baglanyşyklydyr.
Hususan-da, ÝTÖB ozal Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäklerinde Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasyna we logistika hyzmatlaryna mümkin bolan maýa goýumlar barada habar beripdi. Bank demir ýol ulgamynyň aýry-aýry böleklerini döwrebaplaşdyrmak, ýük infrastrukturasynyň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we logistika amallarynyň netijeliligini artdyrmak mümkinçiliklerine seredýär. (trend.az)
ÝTÖB Türkmenistan bilen 1992-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Bankyň maglumatlaryna görä, şu döwürde ol ýurtda 87 taslamany maliýeleşdirdi, maýa goýumlaryň umumy möçberi bolsa 322 million ýewro ýetdi. Häzirki wagtda ÝTÖB-nyň Türkmenistandaky işi esasan hususy pudagy goldamaga we maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. (ebrd.com)
2026-njy ýylyň iýulynda ÝTÖB-nyň prezidenti Odil Reno-Basso Türkmenistana sapar etdi. Saparyň netijeleri boýunça taraplar 2027–2032-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygy, bank pudagyny, durnukly energetikany, daşky gurşawy goramagy we suw serişdelerini dolandyrmagy, ulag geçelgelerini, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ÝTÖB-nyň “Ýaşyl şäherler” maksatnamasyna gatnaşmagyny öz içine alýan bäş ähtnama gol çekdiler. (anews.az)







