GDA-nyň DIM-leriniň ýolbaşçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýygnanar


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň nobatdaky mejlisi 7-nji oktýabrda Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa 30-njy sentýabrda geçirilen brifingde habar berdi diýip, AZERTAJ agentligi mälim edýär.
Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary GDA-nyň 2026-njy ýyldaky işiniň deslapky jemlerini jemlärler we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Şu ýyl bellenilýän GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna aýratyn üns berilmegine garaşylýar.
Mejlise gatnaşyjylar 2027-nji ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň meýilnamasyny hem tassyklap, GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň indiki mejlisiniň geçiriljek senesini we ýerini kesgitlärler diýlip garaşylýar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça ylalaşyljak resminamalaryň köpüsini GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlemek meýilleşdirilýär. Onuň mejlisi hem 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.








