HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

Oktýabr 06, 2026 | 22:00 |374
Çeşme: orient.tm

“SpaceX” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Ilon Mask kompaniýanyň «super intellekt» (Super Intelligence) kompaniýasydygyny aýtdy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan öňe sürülýän täze terminologiýany goldady.

Ilon Mask “X” platformasynda ýazan habarynda “SpaceX”-iň “Super Intelligence” kompaniýasydygyny belledi. Ol başga bir habarynda bolsa, öz pikirine görä, “SI” adalgasynyň adaty “AI” adalgasyndan has gowy bolandygyny aýtdy.

Ulanyjynyň beren soragyna jogap berip, Ilon Mask “SpaceXAI” bölüminiň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgedilmeginiň meýilleşdirilýändigini hem tassyklady. Mundan öň “SpaceX” Maskyň eýeçiligindäki “xAI” kompaniýasyny satyn alypdy we onuň işi “SpaceXAI”-yň düzümine birleşdirilipdi.

Sentýabryň ahyrynda Donald Tramp federal edaralara resmi resminamalarda we köpçülige niýetlenen materiallarda «Artificial Intelligence» (Emeli intellekt) we «AI» adalgalarynyň ýerine «Super Intelligence» (Aşa akyl) we «SI» adalgalaryny ulanmagy göz öňünde tutýan karara gol çekdi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Maskyň bu beýanatlary täze adalgasynyň diňe bir ABŞ-nyň federal edaralarynda däl, eýsem tehnologiýa pudagynda hem ulanylyp başlanandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, “SpaceXAI”-nyň “SpaceXSI” diýlip atlandyrylmagy häzirlikçe esasan adyň üýtgedilmegini aňladýar, kompaniýanyň täze tehniki arhitekturasynyň yglan edilmegini däl.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

22:40 Oktýabr 06, 2026
ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

22:30 Oktýabr 06, 2026
Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

22:00 Oktýabr 06, 2026