Türkmen talyplary Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadasynda 8 baýragy eýelediler


Türkmenistanly talyplar 27-nji sentýabrdan 2-nji oktýabra çenli Krasnoýarsk şäherinde geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler. Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň on talybyndan düzülen topar dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan gelen 700-e golaý gatnaşyjynyň arasynda iki sany birinji orny we alty sany baýrakly diplomy gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Giň gerimli intellektual bäsleşigiň jemleýji tapgyry Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirildi. Şu ýylky olimpiadanyň esasy temalary maliýe pudagynda emeli aňyň ulanylmagy hem-de onuň bilen baglanyşykly kiber töwekgelçilikleriň öňüni almagyň usullary boldy.
Türkmenistanyň wekilleri esasy ugurlarda ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler:
• Hukuk: Olimpiadanyň ýeňijileri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejep Rejepow we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Güljahan Gurbanowa boldular.
• Halkara gatnaşyklar: Baýrakly orunlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Dawut Abdykadyrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew eýelediler.
• Ykdysadyýet: Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şukur Esedow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Gezerow we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Hanmuhammet Tuwakow baýrakly orunlary eýelediler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Bahar Bekiýewa hem ýokary netije görkezdi.
• Maglumat howpsuzlygy: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Begnazar Begnazarow baýrakly orny eýeledi. Bu ugur boýunça jemleýji tapgyra Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Jumageldi Serdarow hem ynamly çykdy.
Türkmen ýaşlarynyň bu üstünligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy pugtalandyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça döwlet syýasatynyň netijeliligini tassyklaýar. Talyplar bäsleşiklerden başga-da, halkara bilim sessiýalaryna gatnaşyp, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen dostluk we hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrdylar.
ORIENT








