IAC 2026 Antalýada dünýäniň ähli künjeginden kosmos pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini jemlär


Türkiýe iň uly halkara çäreleri kabul edip, halkara arenasyndaky orunlaryny pugtalandyrýar. 2026-njy ýylda Antalýa diplomatiýanyň we ylmyň esasy merkezi bolar. 2026-njy ýylyň 5–9-njy oktýabry aralygynda Belekde dünýäniň iň uly kosmos forumy bolan 77-nji Halkara astronawtika kongresi (IAC 2026) geçiriler.
Halkara astronawtika federasiýasy (IAF) tarapyndan ýyl-ýyldan guralýan kongres bilim alyşmak we pudagyň geljegini emele getirmek üçin kosmos agentliklerini, tehnologik ägirtlerini, astronawtlary hem-de tanymal alymlary bir ýere jemleýär.
IAC 2026 kongresiniň guramaçylary Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministrliginiň utgaşdyrmagy bilen Türkiýäniň kosmos agentligi (TUA) hem-de SAHA İstanbul aerokosmos klasteridir. Sammit Belekdäki NEST sergi merkezinde geçiriler.
Forum dürli ýurtlardan astronawtlary we iň uly korporasiýalaryň wekilleri bilen birlikde 10 000-den gowrak gatnaşyjyny jemlär. Medeni maksatnamanyň iň ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri Türkiýäniň baý taryhyny we kosmosy özleşdirmegiň futuristik pikirlerini birleşdirýän gadymy rim teatry Aspendosdaky dabaraly agşamlyk nahary bolar.

Kongresiň tehniki maksatnamasyna astronomiýa pudagynda ýurduň esasy ylmy-barlag infrastrukturalarynyň biri bolan Türkiýäniň Milli obserwatoriýasynyň (TUG) kampusyna baryp görmek hem girizilendir.
Takmynan 2500 metr beýiklikdäki Bakyrlydepe dagynda ýerleşýän obserwatoriýa gatnaşylyjylary kabul eder, olar teleskop enjamlary bilen tanyşyp we Türkiýede alnyp barylýan astronomik ylmy-barlag işleri barada maglumat alyp bilerler.
2026-njy ýyldaky kongresiň şygary — «The World Needs More Space» («Dünýä has köp kosmosa mätäç»). Ol ýer ýüzünden daşarky giňişligi durnukly, parahatçylykly we deňhukukly öwrenmäge çagyrýar. Kongresiň sessiýalarynda kosmos howpsuzlygy, tehnologiýalaryň ösüşi we Älemi özleşdirmegiň etiki taraplary ara alnyp maslahatlaşylar.
IAC 2026 forumynyň resmi nyşany Antalýanyň pöwrize suwlarynyň ady dakylyp, «Turquoise» atly Caretta caretta deňiz pyşbagasy boldy. Bu pyşbagalar kongresiň geçjek ýeri bolan Belekdäki kenarlarda höwürtgeleýärler. Ummanlarda müňlerçe kilometr ýoly geçip we hemişe dogduk kenarlaryna gaýdyp gelýän Turquoise adamyň täze dünýäleri açmaga bolan ymtylyşyny we dogduk öýüne — Ýer planetasyna bolan wepalylygyny alamatlandyrýar.

Kongresiň soňky güni, 9-njy oktýabrda dünýäniň kosmos jemgyýetçiligi Aspendosda dabaraly çäre üçin ýygnanar.
Guramaçylar bu ýerde «geçmişiň, şu günüň we geljegiň» duşuşjakdygyny nygtaýarlar. Müňýyllyk taryhyň atmosferasynda geçjek çäre kongresiň maksatnamasynyň ajaýyp jemlemesi bolar.
ORIENT









