Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy


Gazagystanly awtor Myrzahan Žumahan ilkinji gezek geçirilen Astana AI Film Festival festiwalynda «Iň gowy keşp» ugry boýunça baş baýragyň eýesi boldy. Eminler topary onuň emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanyp döreden It Was Just a Joke («Bu diňe degişmedi») atly gysga göwrümli komediýasyna ýokary baha berdi.
Festiwalyň netijeleri 3-nji oktýabrda Astanada yglan edildi. Halkara bäsleşige 125 ýurtdan 8 067 arza gelip gowuşdy, olaryň 25-si jemleýji maksatnama girizildi.
Žumahanyň filminiň wakalarynyň merkezinde bir it we onuň eýesiniň dogany baradaky hekaýa dur. Adaty bir degişme düşünişmezlige sebäp bolýar we ýagdaý kem-kemden gözegçilikden çykyp, hakyky garşylyga öwrülýär.
Awtor özüniň aýtmagyna görä, ol ilkibaşda ýeňil komediýa döretmegi maksat edinipdir, filmiň sýužeti bolsa köp babatda onuň öz häsiýetini we degişmegi halaýandygyny şöhlelendirýär.
«Iň gowy keşp» ugrundan başga-da, festiwalda hekaýa, wizual dil, režissura we konsepsiýa ugurlary boýunça hem baýraklar gowşuryldy. Beýleki ugurlarda Hytaýyň, Italiýanyň we ABŞ-nyň awtorlary ýeňiji boldular.
Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň işleri halkara eminler topary tarapyndan bahalandyryldy. Onuň düzümine kino sungatynyň, medeniýetiň, tehnologiýalaryň we maýa goýum işewürliginiň wekilleri girdi. Olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň öňki Baş direktory we Fransiýanyň öňki medeniýet ministri Odri Azule, China Film Group kompaniýasynyň Emeli aň ylmy-barlag institutynyň dekany Ma Pin, Pekin Kino akademiýasynyň animasiýa fakultetiniň dekanynyň orunbasary Wan Hao, telekeçi we maýadar Balaji Sriniwasan, şeýle hem BytePlus kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar, Afrika, Hindistan, Türkiýe we GDA ýurtlary boýunça baş menejeri Li Long bar.
Ilkinji Astana AI Film Festival 1–3-nji oktýabr aralygynda AI Month çäresiniň çäklerinde geçirildi. Maksatnama diňe bäsleşik görkezilişlerini däl, eýsem kino we döredijilik pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky iş duşuşyklaryny hem-de panel maslahatlaşmalaryny öz içine aldy.
Festiwalyň baýrak gaznasy jemi 2 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu möçberiň ýarysy ýeňijileri sylaglamak üçin, ýene-de 1 million dollar geljegi uly AI toparlaryna maýa goýmak we Gazagystanda önümçiligi ösdürmek üçin göz öňünde tutuldy.







