HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy awtoulaglary satmak boýunça söwda geçirer

Oktýabr 05, 2026 | 22:50 |1632
Aşgabatda 19-njy oktýabrda ozal Gazagystan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyna degişli bolan iki awtoulagy satmak boýunça söwda geçirilerAşgabatda 19-njy oktýabrda ozal Gazagystan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyna degişli bolan iki awtoulagy satmak boýunça söwda geçiriler
Çeşme: Orient.tm

Aşgabatda 19-njy oktýabrda ozal Gazagystan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasyna degişli bolan iki awtoulagy satmak boýunça söwda geçiriler. Söwda Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da Garaşsyzlyk köçesiniň 11-nji jaýy salgysy boýunça Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň çäginde başlanar.

Söwda 2012-nji ýylda öndürilen, 166 müň kilometr ýol geçen Mercedes-Benz S350 we 2014-nji ýylda öndürilen, 258 müň kilometr ýol geçen Mitsubishi Pajero awtoulaglary çykarylar.

Mercedes-Benz S350 awtoulagynyň başlangyç bahasy 15 müň ABŞ dollary, Mitsubishi Pajero awtoulagynyň bahasy bolsa 10 müň ABŞ dollary möçberinde kesgitlenildi. Iki awtoulag hem göwrümi 3,5 litr bolan benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Guramaçynyň maglumatyna görä, ulag serişdeleri wagtlaýyn getirilýän ulaglaryň hatarynda bolup, gümrük taýdan resmileşdirilmedikdir.

Mercedes-Benz S350 gara reňkli bolup, doly elektrik bukjasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Lotuň beýanynda awtoulagyň resmi diler merkezinde yzygiderli tehniki hyzmatdan geçirilendigi, ýol geçen aralygynyň asyl nusgadygy we garažda saklanandygy görkezilýär. Mitsubishi Pajero ak reňkli bolup, onuň hem resmi diler merkezinde yzygiderli tehniki hyzmatdan geçirilendigi, ýol geçen aralygynyň asyl nusgadygy we garažda saklanandygy bellenilýär.

posolstvo-kazahstana-v-turkmenistane-provedet-torgi-po-prodazhe-avtomobilej

Söwda gatnaşmak üçin arzalar we zerur resminamalar 2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda kabul edilýär.

Mercedes-Benz S350 boýunça söwda gatnaşmak üçin kepillik gatanjynyň möçberi 2 250 ABŞ dollaryna, Mitsubishi Pajero boýunça bolsa 1 500 ABŞ dollaryna deňdir.

Guramaçynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň alyjylaryna eksport resminamalaryny taýýarlamakda we gümrük amallaryny Garabogaz hem-de Temir-Baba gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň üsti bilen geçirmekde ýardam berler. Awtoulaglary öňünden ýazylmak arkaly ýerinde görüp bolýar ýa-da wideo hasabatyny almak mümkin.

Söwdanyň geçirilmeginiň tertibi, gatnaşmagyň şertleri we arza tabşyrmagyň düzgünleri barada goşmaça maglumatlary telefon we IMO arkaly şu belgiden alyp bolýar: +993 71 886108.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026