Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp emeli aň ulgamyndaky döwlet syýasatyny utgaşdyrjak täze federal iş toparynyň — Super Intelligence Force toparynyň döredilendigini yglan etdi.
Trampyň aýtmagyna görä, täze gurluş federal edaralaryň tagallalaryny birleşdirmeli we ABŞ-nyň tehnologiýalary ösdürmekde dünýä liderligini saklamagyna ýardam bermeli. Şeýle hem topar sarp edijiler, jemgyýetçilik we dini guramalar, möhüm infrastruktura operatorlary hem-de tehnologiýa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk eder.
Iş toparyna Milli aňtaw gullugynyň direktory Jeý Kleýton ýolbaşçylyk eder. Onuň ýolbaşçy düzümine Federal Söwda Komissiýasynyň başlygy Endrýu Fergýuson, Pentagonynyň tehniki başlygy Emil Maýkl we Işgärler gullugy müdirliginiň direktory Skott Kupor hem girer. Topar Prezidentiň we Ak tamyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Sýuzi Uaýlsyň öňünde hasabat berer.
Bu karar Trampyň emeli aň ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyndan soň yglan edildi. Duşuşykda pudagyň wekilleri emeli aň modellerine içerki gözegçilik we barlag mehanizmlerini güýçlendirmegi göz öňünde tutýan meýletin ylalaşyga gol çekdiler.
Şeýle hem Tramp federal edaralara «Artificial Intelligence» we «AI» adalgalarynyň ýerine «Super Intelligence» we «SI» adalgalaryny ulanmagy tabşyrýan karara gol çekdi.
CCTV+-nyň habar bermegine görä, täze gurluş ABŞ-nyň emeli aň ulgamyndaky federal syýasatyny utgaşdyrmagyň esasy mehanizmine öwrülmelidir. Onuň işi döwlet edaralarynyň, tehnologiýa pudagynyň we beýleki jemgyýetçilik institutlarynyň özara hyzmatdaşlygyny öz içine alar.








