HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yrak ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara bileleşikleriň güýçleriniň doly çykarylandygyny tassyklady

Oktýabr 02, 2026 | 16:00 |164
Çeşme: orient.tm

Yragyň Premýer-ministri Ali al-Zaidi 1-nji oktýabrda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara bileleşikleriň güýçleriniň ýurtdan doly we gutarnykly çykarylandygyny mälim edip, munuň möhüm tapgyryň tamamlanandygyny we milli özygtyýarlylygyň doly dikeldilendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 1-nji oktýabr ähli ýaraglaryň döwlet gözegçiligine geçirilmegi meselesinde hem täze tapgyryň başlangyjy boldy. Hökümet degişli ýol kartasyny 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyndan gijä galman durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Al-Zaidi howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, şeýle hem serhetlere gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen ýurduň çäginde ýerleşýän ähli yrakly däl ýaragly toparlaryň doly ýaragsyzlandyrylmagyny gazanjakdyklaryny aýtdy.

"CCTV+"-niň habar berşi ýaly, bileleşigiň missiýasynyň tamamlanmagy ýurduň howpsuzlygy üçin jogapkärçiligi täze tapgyra geçirýär. Bu tapgyrda Bagdadyň öňünde esasy wezipeler ýaragly düzümlere gözegçilik etmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026
Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

Ýangyç üçin bahalaryň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Ýewropa ýurtlary çäreleri görýärler

22:00 Oktýabr 02, 2026
Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

Alymlar dünýäde iň ýuka linzany döretdiler — onuň galyňlygy bary-ýogy üç atom

20:25 Oktýabr 02, 2026