Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi


“SWISS” awiakompaniýasy “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” hemra internetini uçarlaryna ornaşdyrmaga başlady. Täze aragatnaşyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji Airbus A320neo uçary eýýäm Sýurihden Saloniki şäherine uçuşyny amala aşyrdy.
Tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy onuň ýokary tizligi we durnuklylygydyr. Fýuzelýaja oturdylan antennalaryň we pes orbitadaky hemralaryň kömegi bilen internet tutuş uçuşyň dowamynda, hatda okeanyň üstünden uçulýan mahalynda-da üznüksiz işleýär.
Wi-Fi ähli hyzmat synplarynda — ykdysady synpdan başlap birinji synpa çenli — mugt elýeterlidir. Birikmek üçin bary-ýogy Travel ID profilinize ýa-da Miles & More kartyňyza girmek ýeterlik. Ýeke-täk çäklendirme beýleki ýolagçylara päsgel bermezlik üçin sesli we wideo jaňlaryň gadagan edilmegidir.
“SWISS” Lufthansa Group kompaniýalar toparynyň global döwrebaplaşdyryş maksatnamasynyň bir bölegine öwrüldi. Holding 2029-njy ýylyň ahyryna çenli öz toparyna degişli 850-den gowrak uçary, şol sanda “Lufthansa”, “SWISS”, “Austrian Airlines” we “Brussels Airlines” awiakompaniýalarynyň uçarlaryny “Starlink” ulgamy bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär.
ORIENT








