Karniniň taslamalara garamak işini çaltlaşdyrmak baradaky başlangyjy dünýäniň dürli künjeklerindäki maýadarlarda uly gyzyklanma döretdi
Maýa goýumlary diňe pul däl, eýsem ýurda we onuň geljegine bolan ynamdyr. Döwlet býurokratik päsgelçilikleri aradan aýyranda, maýa, täze pikirler we ösüş üçin gapylary açýar. Kanada häzirki wagtda dünýäniň maýadarlaryny çekmek we ykdysadyýetini pugtalandyrmak üçin tizlige hem-de öňünden çaklap bolýan şertlere daýanýar.
Kanadaly bilermeniň aýtmagyna görä, Kanadanyň premýer-ministri Mark Karniniň taslamalara garamak işiniň tertibini ýönekeýleşdirmek baradaky soňky başlangyjy dünýäniň dürli künjeklerindäki maýadarlarda uly gyzyklanma döretdi. Maýa goýumlaryny çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Karni 21-nji sentýabrda parlamente «Güýçli Kanadany gurmak hakynda» kanun taslamasyny hödürledi. Ol Kanadada federal taslamalara garamagyň uzaga çekýän meselelerini çözmäge gönükdirilendir we iri infrastruktura hem-de tebigy serişdeler bilen bagly taslamalar boýunça karar kabul etmek üçin bir ýyllyk berk möhletleri kesgitleýär.
Birnäçe gün öň, 14–15-nji sentýabrda Torontoda ilkinji Kanada maýa goýum sammiti geçirildi. Oňa dünýäniň maliýe pudagynyň 100-den gowrak iri wekili ýygnandy. Karni bu meýdançadan peýdalanyp, geljekki bäş ýylyň dowamynda bir trillion Kanada dollary möçberinde maýa goýum çekmek baradaky maksadyny yglan etdi we Kanadany dünýä maýasyny çekmek üçin has ygtybarly ýurt hökmünde görkezdi. Onuň teklibi energetika, möhüm peýdaly magdanlar, goranmak we emeli aň ulgamyndaky maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler ýaly dürli pudaklarda 167 sany maýa goýum mümkinçiligini öz içine aldy. Bu bolsa dowam edýän söwda dartgynlylygynyň şertlerinde Kanadanyň ykdysadyýetiniň ABŞ-a garaşlylygyny azaltmaga gönükdirilen has giň başlangyjyň bir bölegidir.
Bu möhüm sammitde Karni «Önümçilik üçin Mega-aýyrma» (PMD) maksatnamasyny hödürledi. Bu maksatnama kanadaly kärhanalara täze maýa goýumlarynyň uly bölegini hemişelik we dessine çykdajy hökmünde hasapdan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Täze maýa goýumlary üçin marginal salgyt möçberiniň peseldilmegi dünýäniň maýadarlaryna güýçli duýduryş boldy.
Makgill uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory, Kanadanyň Maliýe ministrliginiň ozalky ýörite geňeşçisi Julian Karagesýan Karniniň milli ösüş taslamalaryna berýän ünsüniň Kanada üçin täze eýýamy alamatlandyrýandygyny aýtdy.
«2015-nji ýyldan başlap, Karni premýer-ministr bolýança, Kanadanyň işewürlik üçin açyk däldigi barada düşünje bardy. Taslamalar uzak wagtlap tassyklanýardy, dürli-dürli päsgelçilikler bardy. Dünýäniň dürli künjeklerinden maýadarlary bu ýere çekmezden ozal köp sanly meseläni çözmeli bolduk. Şonuň üçin Karni bu meseleleriň ählisini çözmegi wada berdi» diýip, ol aýtdy.
«Dünýäniň beýleki ýurtlaryndan we kanadaly maýadarlardan bu ýerde bolup geçýän wakalara ýokary derejede gyzyklanma bildirildi diýip bilerin. Karni uly gyzyklanma döretdi» diýip, bilermen sözüniň üstüni ýetirdi.
Kanada bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda urşunyň güýçlenýän şertlerinde Kanada diwersifikasiýalaşdyrylan daşary ýurt maýa goýumlarynyň möhüm orun eýeleýän has özbaşdak ykdysadyýeti döretmäge çalyşýar.
CCTV+ habar berşi ýaly, Karniniň amallary ýönekeýleşdirmek we maýa goýumlaryny çekmek boýunça başlangyçlary Kanadanyň ykdysadyýeti üçin öwrülişik pursadyna öwrülip biler. Şeýle-de bolsa, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi yzygiderli amala aşyrylyşyna we ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ukybyna bagly bolar.








