Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy
Nebitiň dowam edýän ýokary bahalary çig mal bazaryndaky üýtgemelere duýgur harytlaryň bahasyna täsir etmegini dowam etdirýär. Şeýle şertlerde Koreýa Respublikasynyň häkimiýetleri üpjünçiligiň we bahalaryň durnuklylygyny saklamaga gönükdirilen hereket edýän çäreleriň möhletini uzaltmak kararyna geldiler.
Koreýa Respublikasynyň Döwlet satyn alyş gullugy duşenbe güni nebitiň ýokary bahalaryndan täsirlenen harytlar bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça çäreleriň möhletiniň ýylyň ahyryna çenli uzaldylandygyny mälim etdi. Bu barada “Yonhap” habarlar agentligi habar berdi.
Bu çäreleriň möhleti şu aýyň ahyrynda tamamlanmalydy. Emma Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaýlar bilen bagly nebitiň ýokary bahalarynyň uzak wagtlap dowam etmegi sebäpli olaryň möhletini uzaltmak kararyna gelindi.
Çäreleriň degişli bolan harytlarynyň sanawyna nebit bahalarynyň üýtgemelerine aýratyn duýgur bolan asfalt-beton, şeýle hem gündelik durmuşda giňden ulanylýan zibil torbalary girýär.
Mart aýynda Döwlet satyn alyş gullugy harytlaryň bu görnüşleri üçin ýörite çäreleri girizipdi. Hususan-da, birnäçe üpjün edijä şertnamalaryň ýerine ýetirilişiniň ikinji tapgyrynda gaýtadan bäsleşik geçirilmezden işi dowam etdirmäge rugsat berildi. Bu önümleriň has çalt üpjün edilmegine ýardam etmelidi.
Mundan başga-da, bahalary üýtgetmek bilen bagly talaplar ýeňilleşdirildi. Şeýlelikde, çig malyň bahasy ýokarlananda kompaniýalara önümçilik çykdajylarynyň artmagyny harytlaryň bahasyna has netijeli geçirmek mümkinçiligi berildi.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Koreýa Respublikasy nebitiň dowam edýän ýokary bahalaryna has duýgur harytlar bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça çäreleriň möhletini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy.





