Türkmenistanyň Prezidenti 1054 raýatyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi


Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda iş kesilen raýatlaryň günäsi geçildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçilip, olar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadylýar.
Bu karar 25-nji sentýabr, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýan edildi. Döwlet Baştutany hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyny arzuw etdi.





