HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Sentýabr 26, 2026 | 10:58 |2194
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Mangistau welaýatynda geçirilen harby türgenleşigiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikeslere sebäp bolan pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Mangistau welaýatynda geçirilen harby türgenleşigiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikeslere sebäp bolan pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi
Çeşme: Казинформ

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Mangistau welaýatynda geçirilen harby türgenleşigiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikeslere sebäp bolan pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu kyn pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Pajygaly waka 24-nji sentýabrda Hazar deňziniň kenarynda Harby-deňiz güýçleriniň türgenleşigi wagtynda bolup geçdi. Howa şertleriniň birden ýaramazlaşmagy we güýçli tupanly şemal sebäpli 17 harby deňizçini tolkunlar açyk deňze alyp gitdi. Olaryň üçüsini halas etmek başartdy, 14 adam bolsa aradan çykdy. Harby gullukçylaryň aradan çykmagy bilen baglylykda, Gazagystanda 25-nji sentýabrda umumymilli matam güni yglan edildi. Ýurt boýunça döwlet baýdaklary düşürildi we güýmenje çäreleri ýatyryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026