HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

Sentýabr 26, 2026 | 05:38 |581
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli resmi gutlag iberdiAzerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli resmi gutlag iberdi
Çeşme: inform.kz

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli resmi gutlag iberdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti öz hatynda Türkmenistanyň durmuşyň ähli ugurlarynda täsirli üstünlikleri gazanýandygyny, depginli ösýändigini we halkara giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýandygyny nygtady. Şeýle hem ol iki doganlyk halkyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Ilham Aliýew umumy taryhy-medeni mirasa we özara hormata esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de üstünlikli giňeldiljekdigine ynam bildirdi. Gutlagynyň ahyrynda ol Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we üstünlikler, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Şeýle diplomatik gatnaşyklar Hazar deňzi sebitinde we Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, durnuklylygy hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunyň dowam etdirilýändigini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

05:38 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde emeli aň boýunça maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde emeli aň boýunça maslahat geçiriler

05:29 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler

Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler

05:16 Sentýabr 26, 2026