Daşkent dünýäniň iň çalt ösýän şäherleriniň hataryna girdi


Özbegistanyň paýtagty Daşkent 2026-njy ýylyň Global Cities Index halkara reýtinginde birbada 128 basgançak ýokary galyp, dünýäniň iň iri müň şäheriniň arasynda 343-nji orny eýeledi. Şäher iň uly ösüşi ykdysady kategoriýada görkezdi: bir ýylyň dowamynda 558-nji orundan 188-nji orna çykdy. Bu barada Yuz.uz habar berýär.
Adam maýasy ulgamynda hem düýpli ösüş hasaba alyndy: Daşkent dünýäde 108-nji orna çykyp, soňky üç ýylyň dowamynda durnukly oňyn ösüş depginini görkezdi.
Paýtagtyň ösüş depginini Boston Consulting Group (BCG) kompaniýasynyň geçiren barlagy hem tassyklaýar. Üýtgeşmeleriň tizligi boýunça Daşkent dünýäde Şençžen we Er-Riýad şäherlerinden soň üçünji orny eýeledi, ykdysady işjeňligiň ösüş depgini boýunça bolsa absolýut lider boldy. Analitikler şäheri geljegi uly megapolisiň — «Cities to Watch» sanawyna goşdy.
Ýokary görkezijiler giň gerimli özgertmeleriň, şäher hyzmatlarynyň, telekeçiligiň we ýaşaýjylaryň bilelikdäki işiniň netijesi boldy. Ösüşiň esasy ileri tutulýan ugry ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak bolmagynda galýar: infrastruktura we ekologiýany gowulandyrmak, şeýle hem iş we bilim üçin täze mümkinçilikleri döretmek.
ORIENT





