HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä liderleri we görnükli şahsyýetler Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlaýarlar

Sentýabr 23, 2026 | 13:40 |3480
22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryndan, patyşa maşgalalarynyň agzalaryndan, abraýly halkara we jemgyýetçilik işgärlerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryndan, patyşa maşgalalarynyň agzalaryndan, abraýly halkara we jemgyýetçilik işgärlerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çeşme: orient.tm

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryndan, patyşa maşgalalarynyň agzalaryndan, abraýly halkara we jemgyýetçilik işgärlerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň ýokary abraýy, onuň bitarap daşary syýasy ugrunyň yzygiderliligi we ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgini aýratyn nygtalýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin gutlag hatynda Pekinde geçirilen duşuşyklaryň mähirliligini we ýakynlaşmaga gönükdirilen durnukly ugry aýratyn belledi:

«Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin we iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn».

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Seula saparyň dowamynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň aýratyn ähmiýetini belledi:

«Biziň ýurtlarymyzyň diňe bir energetika, senagat maksatly taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gämigurluşyk, demir ýol gurluşygy, täze şäherleri gurmak ýaly dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gatnaşyklaryň binýadyny has-da giňeltmek boýunça ylalaşyga gelendiklerine guwanýaryn».

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işe ünsi çekdi:

«Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris».

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady:

«Siziň baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde we halkara giňişlikde täze üstünlikleri gazandy. Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin».

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý ýylyndaky ösüşleriniň üstünliklerini belledi:

«Türkmenistanyň ygtybarly ösüşi, halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin berk binýady döretmäge gönükdirilen syýasat amala aşyrylýar. Munuň özi şu ýyl şanly 35 ýyllygy bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär».

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin döwlet Baştutanynyň amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan şahsy goşandyny belledi:

«Ýokary derejede kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehnologiýa, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär».

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow doganlyk sebitiň adyndan mähirli arzuwlaryny beýan etdi:

«Siz ýurduňyzyň raýatlarynyň arasynda ýokary abraýa mynasyp bolup, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin yzygiderli tagalla edýärsiňiz. Türkmenistanyň halkynyň ynamy we goldawy bolsa strategik ähmiýetli taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde Size ygtybarly daýanç bolsun».

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýollady:

«Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ähli asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin».

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň syýasatynyň parahatçylyk döredijilik ugruny aýratyn belledi:

«Siziň halkara başlangyçlaryňyz, yzygiderli durmuşa geçirýän bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyňyz sebit hem-de ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär».

Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy Kirill öz hatynda berilýän goldaw üçin minnetdarlygyny beýan etdi: «Türkmenistandaky Rus Prawoslaw ybadathanasynyň işine üns we goldaw berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Bu işler hemişe jemgyýetçilik aňynda üýtgewsiz ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilendir».

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlaglaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana we onuň Baştutanyna bolan hormatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026