HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

Sentýabr 23, 2026 | 13:31 |2977
Türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutladyTürkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady.

Gahryman Arkadagymyz gutlagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän bu senäniň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Gutlag hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, döwletiň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenilýär.

«Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň ähli pähim-paýhaslaryny we güýç-gaýratlaryny beýik maksada — geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaga gönükdiripdirler. Siz hem eziz Watanymyza ägirt uly söýgiňiz bilen döwletimiziň berkararlygynyň pugtalandyrylmagyny, il-halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegini ähli zatdan ileri tutýarsyňyz».

«Siziň dabaralandyrýan ynsanperwer syýasatyňyz hem-de beýik ösüşlere bolan sarsmaz ynamyňyz ata Watanymyzy täze ýeňişlere we belent sepgitlere alyp barýar» — diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we tutuş ýurt boýunça döwrebap infrastruktura ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekdi. Munuň aýdyň nyşany hökmünde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň üstünlikli gurluşygy görkezilýär.

Gutlagda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyndaky ýokary üstünliklere hem aýratyn orun berilýär. Aşgabadyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan eýýäm 30-dan gowrak kararnamalaryň kabul edilendigi, şu ýyl bolsa bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy üpjün etmekdäki orny we 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly täze möhüm resminamalaryň biragyzdan biragyzdan goldanylandygy bellenilýär.

Diplomatik gün tertibindäki möhüm wakalaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparyny, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly ilkinji sammitine gatnaşmagyny, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni-ynsanperwer çäreleri, şol sanda Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda jogapkärli döwlet işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026