HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Sentýabr 23, 2026 | 18:06 |2575
Hytaý barada köp sanly makalalary okadym, ençeme filmlere tomaşa etdim, bu ýurda baryp gören bagtly adamlaryň gürrüňlerini köp eşitdim. Soňra hakykatdan-da Hytaýda bolmak, bu ajaýyp ýurdy öz gözlerim bilen görmek maňa-da miýesser etdiHytaý barada köp sanly makalalary okadym, ençeme filmlere tomaşa etdim, bu ýurda baryp gören bagtly adamlaryň gürrüňlerini köp eşitdim. Soňra hakykatdan-da Hytaýda bolmak, bu ajaýyp ýurdy öz gözlerim bilen görmek maňa-da miýesser etdi
Çeşme: orient.tm

Hytaý barada köp sanly makalalary okadym, ençeme filmlere tomaşa etdim, bu ýurda baryp gören bagtly adamlaryň gürrüňlerini köp eşitdim. Soňra hakykatdan-da Hytaýda bolmak, bu ajaýyp ýurdy öz gözlerim bilen görmek maňa-da miýesser etdi. Şonda men ony bir iş saparynyň çäginde doly özleşdirmegiň nähili kyndygyna düşündim. Hytaýy ilkinji seredişden düşündirmek mümkin däl: ol köp gatly ýüpek ýaly kem-kemden açylýar. Ýene-de resmi metbugat saparynyň düzümine goşulanymda, muny diňe bir nobatdaky iş sapary hökmünde däl-de, beýik siwilizasiýa bilen özüne çekiji dialogymy dowam etdirmek üçin köpden bäri garaşylan mümkinçilik hökmünde kabul etdim.

Öňde boljak duşuşyklara garaşmadan bagtly pursatlar

Biziň Fuszýan welaýatyna barjakdygymyz belli boldy. Bu örän gowy habar! Sebäbi bu sebit Hytaýyň hakykatdan-da jennet künjeginde — onuň iň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Welaýatyň kenarlaryny birbada iki deňiz — Gündogar Hytaý deňzi we Günorta Hytaý deňzi ýuwýar. Munuň ýaly ýeri ýene nirede görersiň?

Bu deňizleriň suw giňişliklerini materikdäki Hytaý Halk Respublikasy bilen Hytaýyň Taýwan adasynyň arasynda ýerleşýän Taýwan bogazy birleşdirýär. Şol sebäpli bu sebit ähmiýeti köpçülige kän mälim bolmadyk Deňiz Ýüpek ýolunyň möhüm çatryklarynyň biri bolup durýar.

Fuszýan diňe bir iri innowasiýa-senagat merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem Hytaýyň iň gözel we özboluşly kenarýaka welaýatlarynyň biri hökmünde-de tanalýar. Ol çaýyň we çaý medeniýetiniň watanydyr. Hut şu ýerden meşhur ak çaý dünýä ýaýrady.

Bularyň hemmesini hakykatdan-da görmelimi!?

Saparymyzyň maksatnamasyna Sýamyn şäheri-de girýärdi. Meniň bilşime görä, onuň golaýynda awtoulaglaryň asla ýok ýerinde ýerleşýän pyýadalar adasy bar. Ajaýyp! «Tebigata dolan!» diýen çagyryşyň hut özi durmuşda amala aşýar. Ol ýerde hatda elektrik skuterlerine-de rugsat berilmeýär! Belki-de, bu jennet künjegine düşen her bir myhman özüni senagatdan öňki orta asyrlar döwrüniň ýurduna düşen ýaly duýýandyr.

Men ol ýerde bolmadym, ýöne çaý meditasiýasy ýa-da bejeriş maksatly taýszisýuan gimnastikasy bilen meşgullanmak üçin dünýäde mundan has laýyk ýeriň tapylmagynyň kyndygyna ynanýaryn.

Sýamyndan başga-da, bize Ninde we Fuçžou şäherlerinde bolmak hem miýesser etmelidi. Bu üç şäheriň hemmesi sebitiň möhüm merkezleridir. Olarda Hytaý Halk Respublikasynyň üstünlikli ösdürýän dürli ugurlary — deňiz ykdysadyýeti we ýokary tehnologiýalar, häzirki zaman senagaty hem-de köpçülikleýin syýahatçylyk giňden ösdürilýär.

Zähmetsöýer ýaşaýjylar Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylygynda (häzirki Hytaýda ykbal ähmiýetli ähli işler Hytaý Kommunistik partiýasynyň baştutanlygynda amala aşyrylýar) giň gerimli durmuş-ykdysady, ekologik, taryhy-medeni we beýleki iri taslamalary durmuşa geçirýärler.

Türkmen-hytaý gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, olaryň, mälim bolşy ýaly, halklarymyzyň goňşuçylykda ýaşan gadymy döwürlerine uzaýan çuňňur taryhy kökleri bar. Emma asyrlaryň geçmegi bilen biziň gönüden-göni ata-babalarymyz bolan oguzlar kem-kemden günorta-günbatara tarap süýşüp başladylar we ençeme asyrdan soň öz etniki atlaryny «türkmen» diýen ada üýtgetdiler.

Emma uzak aralyklar hem biziň gatnaşyklarymyzy üzmäge güýji ýetmedi. Gadymyýetiň iň beýik söwda ýoly — Beýik Ýüpek ýolunyň hereket edip başlamagy bilen bu gatnaşyklar ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, harytlaryň, bilimleriň we medeni gymmatlyklaryň alyş-çalşygyna ýardam berdi.

Häzirki wagtda bu taryhy arabaglanyşyk täze mazmuna eýe boldy — ýurtlarymyzyň liderleriniň döwlet paýhasy we strategik garaýşy netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.

Halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmakda halk diplomatiýasy, şol sanda medeni we maglumat alyş-çalyşlary möhüm orun eýeleýär. Şolaryň biri hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we «Ženmin Huabao» neşiri tarapyndan guralan häzirki metbugat sapary boldy.

Häzirki wagtda «Ženmin Huabao» dünýäniň onlarça dilinde çap we sanly metbugaty neşir edýän iri media toplumydyr. Şeýle at bilen žurnalyň ilkinji sanynyň 76 ýyl mundan ozal çykandygyna garamazdan, häzirki nesil işgärleri özlerinden öňkileriň däplerini dowam etdirip, bu neşiriň ady üçin kalligrafik ýazgyny hut Mao Szedunyň özüniň ýazandygyny buýsanç bilen aýdýarlar!

…Öňünden aýtsam, sapar şeýle bir peýdaly we gyzykly boldy welin, gören-eşiden zatlarymyň hemmesi barada birbada gürrüň beresim gelýär. Häzir hem hut şuny ederin.

turkmen-journalist-china-press-tour (2).jpg

Sýamyn: deňiz ykdysadyýeti we tehnologik ösüş

Duşuşyklarymyzyň ilkinji geçirilen ýeri Fuszýan welaýatynda ýerleşýän iri ýöriteleşdirilen innowasion senagat zolagy bolan Sýamyn deňiz ýokary tehnologiýalary senagat parky boldy. Bu ýerde, Sýamynda, ýokary derejeli hünärmenler häzirki zaman deňiz tehnologiýalaryny, «gök ykdysadyýet» diýlip atlandyrylýan ugurlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda deňiz baýlyklaryndan peýdalanmak we deňiz hyzmatlary tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürýärler, deňiz biologiýa we funksional önümlerini öndürýärler.

Bize deňiz tohumçylyk işi we ekologik gözegçilik boýunça ylmy-barlag we innowasion taslamalar barada maglumatlar berildi. Bu barada, hususan-da, Sýamyn şäheriniň Deňiz ösüşi müdirliginiň baş inženeri, şol bir wagtyň özünde Sýamyn deňiz ýokary tehnologiýalary senagat parky bilen bagly meseleler boýunça ýörite iş toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasary jenap Çžan Lýansun gürrüň berdi.

turkmen-journalist-china-press-tour (3).jpg

Onuň sözlerine görä, bu ýerde ylmyň, ýokary tehnologiýalaryň we deňiz senagatynyň utgaşykly (häzir hut şu usulyň iň netijeli hasaplanýandygyny aýratyn belläsim gelýär!) özara hyzmatdaşlygyna, şeýle hem olaryň amaly taýdan ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Şol maksat bilen ylmy-barlag barlaghanalaryny, biznes-inkubatorlary, önümçilik bazalaryny we logistika merkezlerini birleşdirýän degişli infrastruktura döredildi.

Bu örän gyzykly we peýdaly boldy. Men hytaýly işläp düzüjileriň gazanan tejribesiniň Hazarýaka sebitiniň deňiz ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meýilnamalarymyzy nazara almak bilen, Türkmenistan üçin hem peýdaly bolup biljekdigi barada pikir etdim. Şonuň üçin jenap Çžan Lýansuny aýratyn söhbetdeşlige çekmäge synanyşdym. Bagtymyza, ol ORIENT saýtyna interwýu bermek baradaky teklibimi höwes bilen kabul etdi.

Sýamyn deňiz ýokary tehnologiýalary senagat parkynyň işi barada has giňişleýin gürrüň bermegini haýyş edenimde, ol şeýle jogap berdi:

– Biziň Parkymyz Hytaýyň deňiz ykdysadyýetini ösdürmek boýunça milli we sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Bu bolsa Sýamyn şäheriniň innowasiýalaryň we söwdanyň halkara merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Biziň işimizde ylmy-barlag düzümleri möhüm orun eýeleýär. Olaryň kömegi bilen deňiz önümlerini gazyp alýarys we olary çuňňur gaýtadan işleýäris, gymmatly düzüm böleklerini we biomateriallary bölüp alýarys. Deňiz çig malyndan, şol sanda örän gymmatly derman serişdelerini hem işläp taýýarlaýarys.

6 .jpg

– Üç ýylyň dowamynda Sýamyn parky örän ýokary tehnologik derejä ýetdi we halkara derejesinde ykrar edildi. Şeýle giň gerimli iş nämeden başlandy?

– Hemme zat «XXI asyryň Deňiz Ýüpek ýoly» strategiýasyndan başlandy. Bu strategiýa Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» atly ählumumy taslamasynyň aýrylmaz bölegidir. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç orta asyr Hytaýynyň taryhy söwda ýollaryny häzirki zaman infrastruktura we tehnologiýa derejesinde gaýtadan dikeldýär.

Sýamyn, Ninde we Fuçžou şäherleriniň ýerleşýän Fuszýan welaýatymyz (metbugat saparynyň dowamynda siz bu şäherlere baryp görersiňiz diýip, çykyş eden hünärmen belledi) Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti tarapyndan XXI asyryň Deňiz Ýüpek ýolunyň daýanç zolagy we başlangyç nokady hökmünde resmi taýdan yglan edildi. Şeýle çemeleşmäniň netijesinde Fuszýan sebitiniň portlary we kärhanalary bu ählumumy maksatnamada möhüm orun eýeläp başladylar.

5 .jpg

– Siziň işiňiz örän ýöriteleşendir. Şonuň üçin hem hünärmenleri, hem-de enjamlary taýýarlamak aýratyn çemeleşmäni talap edýän bolmaly…

– Hawa, şeýle. Deňiz şelfini öwrenmek üçin zerur bolan enjamlary özümiz işläp taýýarlaýarys. Olaryň hatarynda ekoulgama gözegçilik etmek, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän deňiz energiýasyny döretmek üçin niýetlenen suwasty enjamlar bar. Bu ugurda ýel we tolkun energiýasy möhüm orun eýeleýär.

Mesele şundan ybarat: deňiz ýel elektrik stansiýalary elektrik energiýasyny öndürmek üçin deňizleriň we ummanlaryň üstünde emele gelýän güýçli, durnukly hem-de birden-bire güýçlenmeýän ýelden peýdalanýar. Tolkun energiýasy bolsa deňiz tolkunlarynyň kinetik we potensial energiýasynyň hasabyna öndürilýär. Häzirki zaman deňiz energetikasynda bu iki çeşme barha köp ýagdaýda özara baglanyşykly görnüşde garalýar.

Biziň işimizde deňiz logistikasyny ösdürmek, hemra gözegçiligi, nawigasiýa we portlary dolandyrmak üçin sanly platformalar bilen bagly meseleler hem möhüm orun eýeleýär.

– Siziň Parkyňyz haýsy guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär?

– Sýamyn deňiz ýokary tehnologiýalary senagat parky özüni Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary, BRICS ýurtlary we «Bir guşak, bir ýol» taslamasyna gatnaşyjylar bilen özara hyzmatdaşlyk üçin, şeýle hem Taýwan bilen ylmy-önümçilik kooperasiýasy üçin platforma hökmünde görkezýär. Biziň Parkymyz sebitiň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we institutlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň hatarynda Sýamyn uniwersiteti, Hytaý Halk Respublikasynyň Tebigy serişdeler ministrliginiň ýanyndaky Okeanografiýanyň Üçünji instituty we beýleki hyzmatdaşlar bar.

4 .jpg

– Sýamyn parkynyň tejribesi Türkmenistanyň Hazar sebitiniň deňiz ykdysadyýetini ösdürmeginde peýdaly bolup bilermi?

– Biz toplan tejribämizi türkmen kärdeşlerimiz bilen paýlaşmaga taýýardyrys, şol sanda Hazar deňzi bilen bagly dolandyryş we ylmy-barlag işleriniň çäginde-de. Özara hyzmatdaşlygyň dürli mehanizmlerine garamak mümkin — ýöriteleşdirilen seminarlar geçirmek, hünärmenleriň alyş-çalşygyny guramak we hytaýly hem-de türkmen hünärmenlerine amaly tejribe we toplan bilimleri alyşmaga mümkinçilik berjek beýleki görnüşleri ulanmak mümkin.

Biz şeýle hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini gözlemäge taýýardyrys.

…Men jenap Çžan Lýansuna Sýamyn deňiz ýokary tehnologiýalary parky barada giňişleýin gürrüň berendigi we türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlygyň köprülerini gurmaga bolan islegi üçin minnetdarlyk bildirdim.

Şondan soň maksatnama laýyklykda, biz taryhy-medeni Minnan sebitine tarap ugradyk. Has takygy, ady göni manyda «Günorta Fuszýan» diýmegi aňladýan, göçme manyda bolsa «Minnanda duşuşyk», şeýle hem «Minnan illýuziýasy» diýlip terjime edilýän syýahatçylyk toplumyna bardyk.

Bu toplum Sýamyna gelýän syýahatçylar üçin esasy özüne çekiji merkezleriniň biridir. Ol ýapyk binanyň içinde ýerleşýän giň gerimli medeni-syýahatçylyk merkezidir. Şonuň üçin hem oňa köplenç «islendik howada dynç almak üçin iň amatly ýer» diýilýär, sebäbi ol yssydan we ýagyşdan goralan.

Äpet taryhy etrap görnüşinde bezelen bu meýdança dürli eýýamlaryň binagärlik stillerini öz içine alýar. Ol emeli döredilen gurşawa çuňňur aralaşmak täsiri arkaly ýerli medeniýetiň taryhy, binagärligi we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin döredilipdir.

Bu nähili amala aşyrylýar?

Ine, hut şu onuň esasy aýratynlygydyr! Myhmanlar milli lybaslary kärendesine alyp, gadymy Hytaýyň stilinde saçlaryny bejerdip, ýüzlerine bezeg etdirip bilýärler. Soňra bolsa hiç zat bolmadyk ýaly, biziň ýaly keşbini üýtgeden beýleki syýahatçylaryň arasynda köçelerde gezip bilýärler.

Mundan başga-da, «hytaýlylara öwrülen» taryhy toplumyň myhmanlary märekäniň arasynda gezip ýören aktýorlar bilen bilelikde improwizirlenen kiçijik sahnalara hem ýolda goşulyp bilýärler.

Beýleki keşplere girmekde we başga eýýamlara uýgunlaşmakda myhmanlara ussatlyk bilen dikeldilen gyzyl kerpiçli, üçekleri egri görnüşde gurlan jaýlar, senetçiler köçeleri hem-de Minnan sebitiniň adaty köçe tagamlaryny hödürleýän food-kortlar kömek edýär. Bularyň ählisi taryhy gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar.

Bize toplumyň çäginde gije-gündiziň dowamynda we yzygiderli dürli tomaşlaryň, sahnalşdyrylan çykyşlaryň, akrobatiki çykyşlaryň, maddy däl medeni mirasyň festiwallarynyň we beýleki dürli tomaşalaryň geçirilýändigi gürrüň berildi.

…Elbetde, biz Aşgabatdan Urumça, ol ýerden Uhana, diňe şondan soň bolsa Sýamyna çenli bolan uçuşlardan soň entek özümize gelmäge-de ýetişmändik. Emma täze duşuşyklar we täsirler bizi asla ýadatmady. Gaýtam, olar bize güýç we ruhubelentlik berdi, şeýle hem Hytaý bilen kitaplardan, makalalardan we kinofilmlerden däl-de, gös-göni, janly görnüşde tanyşlygymyzy dowam etdirmek islegimizi has-da güýçlendirdi.

Indiki duralgamyz — Taýwan bogazynyň kenarynda ýerleşýän iri şäher okrugy Ninde.

Enejan KEPBANOWA,

Aşgabat–Sýamyn–Ninde–Fuçžou–Aşgabat

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026