HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HPG: dünýä ykdysadyýeti durnuklylygyny saklaýar, emma inflýasiýa, karz we emeli aň boýunça maýa goýumlary töwekgelçilik döredýär

Sentýabr 22, 2026 | 22:00 |1325
Çeşme: orient.tm

Dünýä ykdysadyýeti garaşylandan has durnukly bolup çykdy, emma dowam edýän inflýasiýa, karzy üzmek üçin ýokary çykdajylar we emeli aň ulgamyna uly möçberli maýa goýumlary näbelliligiň täze çeşmelerini döredýär. Halkara pul gaznasynyň (HPG) baha bermegine görä, mundan beýläkki ösüş ýurtlaryň bir wagtyň özünde ykdysady ösüşi goldap we ýygnanyp barýan maliýe töwekgelçiliklerini çäklendirip bilmek ukybyna bagly bolar.

Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewa ýekşenbe güni dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklaýandygyna garamazdan, onuň ösüş depginini haýalladyp biljek birnäçe töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Şu aýyň başynda Halkara pul gaznasy 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň 3,0 göterim ösjekdigini çaklady. Bu görkeziji 2025-nji ýyldaky 3,5 göterim bilen deňeşdirilende pesdir. Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylykly ýagdaýlara garamazdan, ykdysadyýet öz ösüş depginini saklaýar. Gaznanyň baha bermegine görä, muňa tehnologiýalara esaslanýan işjeňlikler ýardam berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňisyrasynda Nýu-Ýorkda geçirilen Katar Ykdysady forumynyň ýörite mejlisinde çykyş eden Georgiýewa dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň ösüşe goşmaça basyş edip biljek töwekgelçilikleri aradan aýyrmaýandygyny duýdurdy.

«Inflýasiýa dowam edýär. Biz onuň tiz wagtda çözülmegine garaşmaýarys. Bu bolsa köp merkezi banklaryň pul-karz syýasatyny has-da berkeltmeli boljakdygyny aňladýar» diýip, ol aýtdy.

Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, bahalaryň durnuklylygyny dikeltmek boýunça görülýän çäreler şol bir wagtyň özünde döwlet karzlaryny üzmegiň gymmatlamagyna getirdi. Ol býujeti birleşdirmek zerurlygynyň giňden ykrar edilýändigini, emma häzir görülýän çäreleriň heniz ýeterlik däldigini belledi.

Georgiýewa emeli aň ulgamyna maýa goýumlaryna aýratyn üns berdi. Ol karz serişdeleriniň ulanylmagy we uly möçberli karzlaryň alynmagy, şeýle hem emeli aň ulgamyndaky özara baglanyşykly kompaniýalaryň arasynda serişdeleriň geçirilýän aýlawly maliýeleşdirmesi bilen bagly töwekgelçilikler barada duýdurdy.

«Eger emeli aň bizi lapykeç etse, sebäbi biziň garaşmalarymyz örän ýokary, eger bu garaşmalar ödemese, onda döräp biljek lapykeçlik ulgam üçin potensial sarsgyn döredip biler» diýip, ol duýdurdy. Onuň sözlerine görä, emeli aňyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly töwekgelçilikler esasan ABŞ-da jemlenýär. Şol bir wagtyň özünde Aziýa we Ýewropa kompaniýalary hem emeli aň tehnologiýalarynyň ählumumy üpjünçilik zynjyryna gatnaşýarlar.

Oktýabr aýynda çap edilmegine garaşylýan Halkara pul gaznasynyň dünýä ykdysadyýetiniň geljegine degişli nobatdaky hasabatynda hem bu töwekgelçilikleriň ýokary derejesiniň dowam edýändigi ýene-de görkeziler diýlip garaşylýar. «Ähli başdan geçiren sarsgynlarymyzy nazara alanyňda, takmynan 3 göterim töwereginde üýtgäp durjak ösüşiň özi ägirt uly üstünlikdir» diýip, Georgiýewa aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ol energiýa üpjünçiligi ulgamyndaky sarsgynlara dünýä derejesinde tiz jogap berilmegini işjeňligiň sebäpleriniň biri hökmünde görkezdi.

«Bölünen dünýä barada köp aýdylýar we hakykatdan-da, dünýä has az bitewi boldy. Ýöne bu henizem biziň biri-birimize bagly bolup, hyzmatdaşlyk edýän dünýämizdir» diýip, Georgiýewa aýtdy.

«Biz seresap we ätiýaçly bolmalydyrys. Töwekgelçilikler ýokary, näbellilik bolsa täze kadaly ýagdaýa öwrüldi» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Halkara pul gaznasynyň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň takmynan 3 göterim derejesinde saklanmagyna garaşýar. Şol bir wagtyň özünde gazna inflýasiýa, karz ýüküniň agyrlygy we emeli aň ulgamyna maýa goýumlary bilen bagly ýokary töwekgelçilikler barada duýdurýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026