HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dmitriýew: Ýewropa «taryhdaky iň agyr energetika krizisine» sezewar boldy

Sentýabr 22, 2026 | 21:00 |1171
Çeşme: orient.tm

Soňky aýlarda Ýewropanyň energetika bazaryna düşýän basyş barha güýçlenýär: ýangyjyň we gazyň ýokary bahalary, üpjünçilikdäki bökdençlikler hem-de ulag çykdajylarynyň artmagy öý hojalyklaryna we işewürlige düşýän ýüküň köpelmegine getirýär. Şeýle şertlerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Kirill Dmitriýew Ýewropanyň «taryhdaky iň agyr energetika krizisine» sezewar bolandygyny aýtdy.

«Ýewropa ahyrsoňy öz taryhyndaky iň agyr energetika krizisine duçar bolandygyna düşündi» diýip, Dmitriýew X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Başga bir habarynda ol bolup geçýän ýagdaýy «ýewropalylaryň özleri tarapyndan döredilen, esasy sebäpleri seljermäge we ugry düzetmäge hiç hili synanyşyk edilmedik krizis» diýip atlandyrdy.

Mundan öň fransuz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň käbir awtoulag ýangyç beketlerinde ýangyç üpjünçiliginde bökdençlikleriň bolandygyny habar beripdi. 19-njy sentýabryň maglumatlaryna görä, Fransiýadaky awtoulag ýangyç beketleriniň takmynan 11 göteriminde benzin ýa-da dizel ýangyjynyň elýeterliligi bilen bagly kynçylyklar ýüze çykypdyr. Germaniýada bolsa benzin we dizel ýangyjynyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanandygy habar berildi.

Ýewropadaky energetika ýagdaýy üpjünçiligiň azalmagy we dünýä bazarlaryndaky bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli dartgynly bolmagynda galýar. Hususan-da, Eýran bilen bagly ýagdaýdaky dartgynlylyk we Ormuz bogazy arkaly deňiz gatnawynyň çylşyrymlaşmagy bilen bagly bökdençlikler halkara nebit, gaz we nebit önümleri bazarlaryna goşmaça basyş etdi. “Reuters” agentliginiň maglumatlaryna görä, sentýabr aýynda Ýewropadaky dizel fýuçersleriniň bahalary 2026-njy ýylyň başyndaky görkezijilerden iki esse ýokary boldy, Ýewropadaky gaz bahalary hem ep-esli ýokarlandy.

2022-nji ýylda dörän ýagdaýlaryň ýitileşmeginden soň Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň energiýa serişdelerine garaşlylygy azaltmak ugruny saýlady. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa kompaniýalary energiýa serişdeleriniň ýokary bahalary, artýan logistika çykdajylary we daşarky islegiň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“CCTV+” habar berşi ýaly, Dmitriýewiň beýanaty ýangyç bahalarynyň ýokarlanmagy we üpjünçilikdäki bökdençlikleriň sarp edijiler hem-de işewürler üçin barha ýaramaz täsir etýän Ýewropanyň energetika bazaryna düşýän basyşyň güýçlenýän döwründe ýaňlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026