HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Sentýabr 23, 2026 | 17:52 |2552
22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çeşme: president.uz

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanlary özara ynamyň ýokary derejesini we ähli ugurlar boýunça gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Gepleşikleriň esasy ugry oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli halkara çärelerine taýýarlyk boýunça özara pikir alyşmak boldy. Olaryň hatarynda 8-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de 9-njy oktýabrda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bar. Özbegistanyň Prezidenti sammitlere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmäge taýýardygyny tassyklady.

Amaly hyzmatdaşlyk babatda Liderler ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny we strategik pudaklarda — ýangyç-energetika toplumynda, ulag-logistika ulgamynda we oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler. Hyzmatdaşlygyň möhüm hereketlendiriji güýji hökmünde parlamentara işjeň dialogyň we ylmy-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026