HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Sentýabr 21, 2026 | 21:13 |1432
19-njy sentýabrda Aşgabatdaky Bilelik Hub merkezinde (Ashgabat Mall) halkara Startup World Cup 2026 bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi19-njy sentýabrda Aşgabatdaky Bilelik Hub merkezinde (Ashgabat Mall) halkara Startup World Cup 2026 bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi
Çeşme: linkedin.com/StartUp Academy

19-njy sentýabrda Aşgabatdaky Bilelik Hub merkezinde (Ashgabat Mall) halkara Startup World Cup 2026 bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijisi emeli aňyň esasynda wideo kontent döretmek üçin hyzmaty işläp taýýarlan SalamMotion startapy boldy. Taslama ABŞ-da geçiriljek dünýä finalynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eder.

Abraýly tehnologiýa bäsleşiginiň finaly 4–6-njy noýabrda Kremniý jülgesiniň merkezi bolan San-Fransiskoda geçiriler. Oňa dünýäniň dürli künjeklerinden iň güýçli 200-den gowrak topar gatnaşar. Baş baýragyň möçberi 1 000 000 ABŞ dollaryna deň bolar. Finala çykmak türkmen taslamasyna dünýä bazarynda özüni tanatmaga we halkara maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berýär.

SalamMotion завоевал путевку на финал

Bäsleşige jemi 51 arza gelip gowuşdy. Olaryň içinden pitç-batla gatnaşmak üçin iň gowy 12 taslama saýlanyp alyndy. Gatnaşyjylar öz pikirlerini iňlis dilinde hödürlediler. Eminler toparynyň düzümine BIZANGEL işewür perişdeler klubynyň we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri girdi. Onlaýn ses berlişigiň netijeleri boýunça tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan baýragy Elkitap startapy aldy.

Çärä 150-den gowrak myhman, şol sanda ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işleri ynanylan wekili Kristin Hokins hem gatnaşdy. Gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesi bilen Startup World Cup bäsleşiginiň baş wekili we Pegasus Tech Ventures gaznasynyň hyzmatdaşy Bill Raýhert hem ýüzlendi.

Milli saýlama tapgyrynyň guramaçysy Türkmenistanyň ilkinji hususy startap-akseleratory we Pegasus Tech Ventures gaznasynyň resmi sebit hyzmatdaşynyň wezipesini ýerine ýetirýän StartUp Academy boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

20:52 Sentýabr 21, 2026