HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Sentýabr 21, 2026 | 21:00 |4093
Çeşme: orient.tm

Karz döwletiň beren wadalary bilen onuň mümkinçilikleriniň arasyndaky tapawudy görkezýän aýnadyr. Ol ýyl-ýyldan artýan bolsa, bu mehaniki usul bilen düzedip bolmajak gurluşlaýyn deňagramsyzlyklaryň alamatydyr. Fransiýa taryhy iň ýokary görkezijisine golaýlaşýar we bu sanlaryň aňyrsynda çözülmeli çylşyrymly meseleler dur.

Fransiýanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan şenbe güni çap edilen maglumatlara görä, ýurduň döwlet bergisi artmagyny dowam etdirer we 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň (JIÖ) 119,3 göterimine ýeter. Bu görkeziji 2025-nji ýylda 115,6 göterime deňdi. Ministrligiň habar bermegine görä, 2027-nji ýylda berginiň JIÖ-e bolan gatnaşygy 121,7 göterime çenli ýokarlanar. Bu Ýewropa çägi bolan 60 göterimden iki esse köpdir. Fransiýanyň «Le Figaro» gündelik gazeti Fransiýanyň Milli statistika we ykdysady barlaglar institutynyň (INSEE) maglumatlaryna salgylanyp, berginiň bu derejesiniň 1995-nji ýyldan bäri iň ýokary dereje boljakdygyny habar berdi.

«Ösüş mehaniki häsiýete eýedir. Bu dowam edýän ýokary býujet ýetmezçiliginiň netijesidir» diýip, ministrlik ýerli habar beriş serişdelerine mälim etdi. «Le Figaro» gazetine görä, Fransiýanyň hökümeti döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň 2026-njy ýylda JIÖ-niň 5,4 göterimine ýetmegine garaşýar. 2025-nji ýylda bu görkeziji 5,1 göterime deňdi. Fransiýanyň ykdysadyýet we maliýe ministri Rolan Leskýur 11-nji sentýabrda hökümetiň 2026-njy ýyl üçin ykdysady ösüş baradaky çaklamasyny öňki 0,7 göterimden 0,5 göterime çenli peseldendigini aýtdy. 2026-njy ýylda býujet ýetmezçiligini JIÖ-niň 5 göterimi bilen çäklendirmek maksadynyň «indi mümkin däldigini» aýdan Leskýur «2026-njy ýylda Fransiýanyň býujet ýetmezçiligi 5 göterimden geçer» diýdi.

CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, Fransiýanyň döwlet bergisiniň rekord derejä çenli ýokarlanmagy dowam edýän býujet deňagramsyzlyklaryny görkezýär. Ykdysady ösüşiň haýallamagy we ýetmezçiligiň artmagy şertlerinde Fransiýanyň hökümeti çykdajylary azaltmagyň zerurlygy bilen ykdysadyýeti goldamagyň arasynda deňagramlylygy tapmaly bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026