HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň mugallymlary Moskwada geçirilen halkara foruma gatnaşdylar

Sentýabr 20, 2026 | 19:20 |1603
Türkmenistanyň mugallymlary we alymlary Moskwada geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Möhüm meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly onlaýn maslahatyna gatnaşdylarTürkmenistanyň mugallymlary we alymlary Moskwada geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Möhüm meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly onlaýn maslahatyna gatnaşdylar
Çeşme: bilim.tm

Türkmenistanyň mugallymlary we alymlary Moskwada geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Möhüm meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly onlaýn maslahatyna gatnaşdylar. Russiýanyň Tebigy ylymlary akademiýasynyň (RTYA) professory Kirill Bizenko­wyň başlyklyk etmeginde geçirilen foruma Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de ylmy hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy mowzugy bilim bermegiň usulyýetlerini döwrebaplaşdyrmak boldy. Onda emeli aňyň ornaşdyrylmagyndan we okuw işiniň sanlylaşdyrylmagyndan başlap, ruhy-ahlak terbiýesine, lukmançylyk we oba hojalygy ugurlary üçin hünärmenleri taýýarlamaga çenli dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara bilermenler jemgyýetinde aýratyn gyzyklanma türkmen hünärmenleriniň amaly işläp taýýarlamalary döretdi. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K. Durdyýew we şol institutyň tebigy hem-de takyk ylymlar bölüminiň uly ylmy işgäri A.S. Sähetmyrado­wa «Türkmenistanyň mekdeplerinde geografiýa biliminde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryndan peýdalanmak» atly nutuk bilen çykyş etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň S.A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý hojalygy we tokaý-seýilgähleri dolandyrmak kafedrasynyň mugallymy, ylymlar kandidaty alymlyk derejesini almak üçin dalaşgär G.A. Allagulyýewa okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça öz tejribesini paýlaşdy.

Şeýle halkara platformalara gatnaşmak türkmen mugallymlaryna daşary ýurtly kärdeşleri bilen öňdebaryjy tejribe alyşmaga, ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga we akademiki dialogy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Täzeçil çemeleşmeleriň we sanly gurallaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ony dünýäniň ylym-bilim giňişligine goşmak boýunça döwlet wezipeleriniň çözülmegine gönüden-göni ýardam edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026