Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ugurlary boýunça halkara bilermenleri çagyrýar


2026-njy ýylyň 10–12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly Halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Çäre Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalaryny, bilermenlerini, degişli guramalaryny hem-de pudaklaryň wekillerini bir ýere jemlär.
Serginiň esasy maksady häzirki zaman tehnologiýalaryny, täze çözgütleri, tejribe alyşmagy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi öz içine alýar. Üç günüň dowamynda bir meýdançada sergi, B2B we B2G duşuşyklary, bilermenleriň maslahatlaşmalary, täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary hem-de ussatlyk sapaklary geçiriler.
Saglygy goraýyş ugry boýunça şu meseleler ara alnyp maslahatlaşylar: içerki keseller, newrologiýa we dikeldiş bejergisi, kardiologiýa, kardiologiýa we ýürek-damar hirurgiýasy boýunça häzirki zaman kliniki teswirnamalar, onkologiýa, oftalmologiýa, ýokanç keseller, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, hirurgiýa, jemgyýetçilik saglygy goraýşy we epidemiologiýa, sanly lukmançylyk, barlaghana we funksional-anyklaýyş barlaglar, ýokanç däl keselleriň patofiziologik meseleleri we sagdyn organizmiň fiziologiýasy, plastik we rekonstruktiw hirurgiýa, şeýle hem estetiki lukmançylyk.
Bilim ulgamynda şu ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar: bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek — bilim syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde, ylym we innowasion tehnologiýalar, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly ykdysadyýet.
Sport we ylym ugurlary boýunça şu meseleler gözden geçiriler: sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar, milli ýygyndy toparlaryny öňümizdäki Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň ugurlary, olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar.
Lukmançylyk tehnologiýalaryndan we farmasewtikadan başlap, bilim maksatnamalaryna, sport enjamlaryna, fitnese we dikeldiş serişdelerine çenli gatnaşyjylar öz çözgütlerini hödürlemäge, göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we Türkmenistanda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga mümkinçilik alarlar.
Üç ugur. Üç gün. Bir halkara meýdançasy.
Çäre barada has giňişleýin maglumat üçin:
contact@turkmenexpo.com
saglyk.turkmenexpo.com









