Şygryýet – medeniýetleriň umumy dili we Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpri


Pars şygryýeti we kyssasy şeýle-de ussat şahyr Şähriýary hatyralama gününe bagyşlanýar
Medeniýetiň dürli görnüşli ýüze çykmalarynyň arasynda şygryýet ýeke-täk özboluşly orny eýeleýär. Sebäbi poeziýa diňe bir sözleriň we edebi keşpleriň toplumy bolman, eýsem milletleriň taryhy ýadynyň-huşunuň bir bölegidir. Bu ýatda dürli nesilleriň duýgulary, ynançlary, ideallary, jebir-jepalarydyr şatlyklary unudylman saklanylýar we nesilden-nesile geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, Eýran we Merkezi Aziýa medeni sebiti gadymdan bäri şygryýetdir edebiýatyň kemala gelen we gülläp ösen möhüm ojaklarynyň biri bolupdyr. Bu sebit dürli dilleriň we edebi däpleriň biri-birinden üzňelikde däl-de, gaýta biri-birinden täsir almak arkaly ösen sebitidir.
Pars dili asyrlar boýy Merkezi Aziýanyň köp ýerlerinde medeniýetiň, bilimiň we edebiýatyň möhüm dilleriniň biri bolupdyr. Rudakiniň, Ferdöwsiniň, Nyzamynyň, Saadynyň, Hafeziň, Möwlananyň we pars edebiýatynyň beýleki ägirtleriniň eserleri bu sebitiň uly giňişliginde okalmak we dilden-dile geçmek bilen, onuň intellektual we medeni gurşawynyň kemala gelmegine goşant goşupdyr.
Bu günki Türkmenistanyň çäkleri hem, bu taryhy we medeni geografiýanyň möhüm bölegini öz içine alýar. Dürli döwürlerde taryhy Horasanyň möhüm merkezi hasaplanan Merw we gadymy Gürgenç ýaly şäherler sebitde siwillizasiýanyň we bilimiň möhüm ojagy bolupdyr. Bu geçmiş eýran we türkmen medeniýetleriniň arasyndaky baglanyşygyň häzirki döwre degişli hadysa hasaplanyp bilinmejekdigini görkezýär. Bu baglanyşyk uzak taryhy esasda we pikirleriň, dilleriň, şahyrlaryň we edebi eserleriň özara gatnaşygynda emele gelipdir.

Hut şu umumy medeni gurşawda türkmen edebiýaty hem özüniň garaşsyz we önjeýli ösüş ýoluny geçmek bilen, türkmen diline, medeniýetine, taryhyna we halkyň durmuş tejribesine daýanyp, şygyrdan we pähim-paýhasdan ybarat gymmatly genji-hazynany döretdi. Olaryň arasynda Döwletmämmet Azady we Magtymguly Pyragy aýratyn orna eýedir. Magtymgulynyň kakasy we halypasy Döwletmämmet Azady ony ilki başdan sebitiň beýik şahyrlarynyň edebi mirasy bilen tanyşdyrypdyr. Magtymguly özüniň ylym öwrenmeginiň we syýahatlarynyň dowamynda hem Ferdöwsi, Nyzamy, Attar, Saady, Möwlana, Hafez, Haýýam we Jamy ýaly şahyrlaryň eserleri bilen içgin tanyşypdyr. Bu tanyşlyk bolsa, onuň edebi dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde we giňelmeginde rol oýnapdyr. Şeýle-de bolsa, Magtymguly bar zatdan beter öz halkynyň, öz topragynyň şahyrydy we bu dürli öwüşginli miraslary öz jemgyýetiniň dili, medeniýeti we taryhy tejribesi bilen utgaşdyrmagy başardy.
Gaýypnazar Gaýyby, Gurbanaly Magrupy, Misgingylyç we Nurmuhammet Andalyp ýaly beýleki atly Türkmen şahyrlary hem Buhara we Hywa ýaly iri ylmy merkezlerde bilim alandyklary sebäpli öz ene dilleri bilen bir hatarda pars dilini hem doly özleşdiripdirler. Bu bolsa pars edebiýaty bilen türkmeniň buýsanylýan nusgawy akyldar-şahyrlarynyň goşgularynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşykdan bir nyşandyr.
Gadymdan gelýän bu arabaglanyşyk häzirki zaman döwründe hem birjik-de gowşaman, eýsem pars edebiýatynyň dürdäne eserlerini türkmen diline terjime etmek we giňden tanatmak ugrunda gymmatly tagallalar edildi. Olardan Saady Şirazynyň ölmez-ýitmez saýlama şygyrlaryny we kyssa eserlerini “Saadynyň eserleriniň ýygyndysy” atly kitabynda türkmen diline terjime eden doktor Rahman Rejebowy mysal getirmek bolar. Şeýle hem, görnükli türkmen şahyry we terjimeçisi Kerim Gurbannepesow 1950-nji we 1960-njy ýyllarda Gündogaryň beýik şahyrlarynyň, şol sanda Hafez Şirazynyň, Nyzamy Genjewiniň, Abdyrahman Jamynyň we beýlekileriň eserleri bilen tanyşyp, olaryň eserlerinden birnäçesini türkmen diline terjime edipdir.

Şeýle esasda, Pars şygryýeti we edebiýaty güni şu sebitiň halklaryny asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen baglanyşdyryp gelen umumy medeni mirasa gaýtadan göz aýlamak üçin bir mümkinçilikdir. Eýranda bu gün ussat Seýed Mohammad Hossein Şähriýaryň ady we onuň aradan çykmagynyň ýyl dönümi bolan 18-nji sentýabr bilen utgaşýar. Şähriýar Eýranyň iň görnükli häzirki zaman şahyrlarynyň we iki dilde, pars we azerbaýjan dillerinde ýatda galyjy eserleri döreden az sanly şahyrlaryň biridir.
Şähriýaryň Eýran bilen Türkmenistanyň medeni dialogyndaky ähmiýeti diňe poeziýasynyň iki dilde bolmagy bilen çäklenmeýär. Ol dürli dilleriň adamzat durmuşyndan söz açýan ortak hekaýatlary beýan edip biljekdigini görkezdi. Edil Magtymgulyny tanamagyň eýranly okyjyny türkmen halkynyň medeniýeti we ruhy dünýäsi bilen tanyşdyryşy ýaly, Şähriýaryň şygryýeti hem türkmen okyjysy üçin häzirki zaman eýran şygryýetine açylýan girelge bolup biler. Şu nukdaýnazardan, Magtymguly we Şähriýar, her haýsysy öz ýoly bilen medeniýetleri özara baglanyşdyrmakda we milletleriň arasynda dialogyň dowam etmeginde edebiýatyň rolunyň görkezijisidir.

Hut şu sebäpden, Pars şygryýeti we edebiýaty gününi Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni dialogy gorap saklamak üçin mümkinçilik hasaplamak bolar. Bu dialog – kökleri sebitiň umumy edebi we medeni taryhynda ýatan, gelejegini bolsa, eserleri terjime etmek, edebi duşuşyklaryň geçirmek, professorlar-mugallymlary we ylmy barlagçylary alyşmak we iki ýurduň ýaş nesillerini birek-biregiň şygryýet mirasy bilen tanyşdyrmak arkaly kemala getirip boljak dialogdyr.
Ali Mojtaba Ruzbehani, Eyran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçisi







