HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň iň gözel kölleri: Sapanjadan Wan kölüne çenli

Sentýabr 18, 2026 | 19:11 |369
Sentýabr syýahatçylar üçin aýratyn özüne çekiji döwre öwrülýär. Amatly howa, syýahatçylaryň uly akymynyň ýoklugy we tebigatyň güýzki reňkleri bu aýy asuda syýahatlar üçin iň amatly döwürleriň birine öwürýärSentýabr syýahatçylar üçin aýratyn özüne çekiji döwre öwrülýär. Amatly howa, syýahatçylaryň uly akymynyň ýoklugy we tebigatyň güýzki reňkleri bu aýy asuda syýahatlar üçin iň amatly döwürleriň birine öwürýär
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Sentýabr syýahatçylar üçin aýratyn özüne çekiji döwre öwrülýär. Amatly howa, syýahatçylaryň uly akymynyň ýoklugy we tebigatyň güýzki reňkleri bu aýy asuda syýahatlar üçin iň amatly döwürleriň birine öwürýär. Bu ýagdaý häzirki zaman syýahatçylarynyň özboluşly taryhy bolan üýtgeşik ýerleri gözlemäge bolan islegi bilen hem gabat gelýär. Geografik dürlüligi sebäpli Türkiýe güýzki dynç alyş üçin ajaýyp kölleriň ençemesini hödürleýär.

Sapanja köli: Stambula örän golaý

Sakarya Sapanca Lake 1

Stambula golaýda, Sakariýa welaýatynyň Sapanja etrabynyň ýaşyl depeleriniň arasynda ýerleşýän Sapanja köli dynç günlerini geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Bu ýerde kenarýaka gezelenç edip, welosiped sürüp, gaýykda ýüzüp ýa-da pöwrize suwlaryň görnüşinden lezzet alyp, agaçlaryň kölegesinde dynç alyp bolýar.

Sapanca Maşukiye 1

Golaýda nämeleri görmeli: Ýarym sagatlyk ýol uzaklygynda ajaýyp panoramaly görnüşleri bolan Kartepe dagy we Maşukiýe tebigy seýilgähi ýerleşýär.

Gara deňziň merjenleri: Abant we Ýedigöller

Stambuldan bary-ýogy üç sagatlyk ýol uzaklygynda Bolu welaýatynda Abant köli ýerleşýär. Bu milli seýilgähiň çäginde welosiped sürmek, trekking bilen meşgullanmak, at münmek, paraplanda uçmak ýa-da balyk tutmak bolýar. Bu ýerde bäş ýyldyzly myhmanhanalardan we amatly bungallardan başlap, kempinglere çenli dürli görnüşli ýaşaýyş mümkinçilikleri bar.

Bolu Abant Lake 3

Bolu welaýatynyň ýene bir tebigy täsinligi — Ýedigöller («Ýedi köl») milli seýilgähidir. Ýedi sany süýşme sebäpli emele gelen köl, şaglawuklar, baý ösümlik dünýäsi we ýakymly agaç jaýjagazlar bu seýilgähi tebigata doly aralaşmak üçin ajaýyp ýere öwürýär.

Golaýda nämeleri görmeli: Boluda «Cittaslow» hereketine girýän taryhy Mudurnu we Göýnük şäherçelerine baryp görmek bolýar.

Ortaýer deňziniň köller sebiti we Salda köli

Türkiýäniň günortasynda Afýonkarahisar, Antalýa, Burdur, Isparta we Konýa welaýatlarynyň käbir böleklerini öz içine alýan Köller sebiti ýerleşýär. Sebitiň esasy gözel ýeri Burdur welaýatyndaky Salda kölidir. Ol dury suwy we ak reňkli çägeligi bilen meşhurdyr. Marsyň üstki gurluşy bilen geologik meňzeşligi sebäpli köl dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär.

Burdur- Salda Lake 2

Golaýda nämeleri görmeli: Burdur welaýatynyň Akçaköý obasyndaky lawanda meýdanlaryna, şeýle hem gadymy çeşmeleri häzirem işleýän Sagalassos we Kibira gadymy şäherlerine baryp görmek bolýar.

Merkezi Anadolynyň tebigy dürdänesi: Tuz köli

Ankara, Aksaraý we Konýa welaýatlarynyň çatrygynda ýerleşýän Tuz köli (Duz köli) Türkiýäniň ululygy boýunça ikinji kölidir. Tomus aýlarynda suwuň bugarmagy sebäpli onuň ýüzünde galyň duz gatlagy emele gelýär, aýratyn suwotular bolsa suwy gülgüne öwüşgine öwürýär. Köl ÝUNESKO-nyň deslapky sanawyna girizilendir we müňlerçe gülgüne flamingonyň höwürtgeleýän ýeridir.

Salt Lake 5

Golaýda nämeleri görmeli: Syýahaty Kappadokiýa tarap dowam etdirip, onuň meşhur gaýa görnüşlerinden we howa şarlarynda uçuşlardan lezzet alyp bolýar.

Gündogar Anadolynyň taryhynyň we tebigatynyň sazlaşygy: Wan, Nemrut we Otlykbeli kölleri

Gündogar Anadoly üç sany özboluşly köli hödürleýär. Wan köli Türkiýäniň iň uly köli we dünýäniň meýdany boýunça iň uly sodaly köli bolup, bu ýerde «merjen kefal» diýlip atlandyrylýan özboluşly balyk görnüşi ýaşaýar. Bitlis welaýatynda, deňiz derejesinden 2 250 metr belentlikde ýerleşýän Nemrut köli dünýäniň ululygy boýunça ikinji krater kölüdir. Erzinjan welaýatynda ýerleşýän Otlykbeli köli bolsa suwunyň doýgun gyzyl öwüşgini bilen tapawutlanýan seýrek duş gelýän geologik ýadygärlikdir.

Van Lake and Akdamar Island 1

Golaýda nämeleri görmeli: Wan kölüniň görnüşi bilen däp bolan ertirlik naharyndan lezzet almak, Wan galasyna, Bitlis şäherindäki taryhy Ihlasiýe medresesine we Erzinjandaky Girlewik şaglawugyna baryp görmek bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026